Sepleriň elýeterliligi

Türkmen ykdysadyýetiniň ertiri ýa-da nusgalar


Dr.Erol: "Türkmenistanyň dünýä bilen aragatnaşygyny has hem ösdürmegi we bu ýurda girip çykmak işleriniň ýeňilleşdirilmegi zerurdyr."

Dr.Erol: "Türkmenistanyň dünýä bilen aragatnaşygyny has hem ösdürmegi we bu ýurda girip çykmak işleriniň ýeňilleşdirilmegi zerurdyr."

Türkmenistanyň ykdysadyýeti barada gürrüň edilende, günbatarly ekspertleriň köpüsi, oňa çig mala baý, ykdysadyýeti tutuşlygyna energiýa eksportuna daýanýan ýurt hökmünde baha berýärler.

Her ýyl eksport edilýän 50 milliard kub metr töweregi gazdan gelýän girdeyji, 5 million töweregi ilaty bolan Türkmenistan üçin halkyny eklemäge belki häzirlikçe ýeterlikdir. Emma synçylar bu gazyň tutuşlygyna diýen ýaly diňe bir ýurda eksport edilmeginiň, Türkmenistanyň diňe ykdysady taýdan ösmegine däl, onuň ykdysady garaşsyzlygyna hem päsgelçilik döredýändigini aýdýarlar.

Orsýet bilen Türkmenistanyň arasynda gaz boýunça dörän dartgynlyk, bu çaklamalaryň nä derejede hakykata golaýdygyny aýan etdi. Belki türkmen ýolbaşçysy bu ýagdaýlar sebäpli ýurduň ykdysadyýetini köp ugurly etmek barada alada edip başlandyr.

“Awaza” milli syýahatçylyk zolagy

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 25-nji iýunda hökümet ýygnagynda eden çykyşynda, şol meseleler boýunça gürrüň edip, onuň nähili amala aşyrylmaga synanşylýandygy barada maglumat berdi.

Biz ýaňy ýakynda Awaza milli syýahatçylyk zolagynda täze gurulan binalaryň we desgalaryň ilkinji tapgyryny açdyk diýip şol ýerde türkmen prezidenti belledi. “Şeýlelikde biz ýurdumyzyň ykdysadyýetini diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek syýasatymyzy iş ýüzünde durmuşa geçirýäris we ykdysadyýetimizi diňe nebit-gaz pudagyna daýanyp ösdürmek tejribesinden ýuwaş-ýuwaşdan daşlaşýarys.”

Prezident Berdimuhamedow eden çykyşynda, aýratynam ýakynda Awaza milli syýahatçylyk zolagynyň ilkinji tapgyrynyň açylyşy barada gürrüň edip, käbir ýurtlaryň jemi içerki önüminiň 30 prosenti töweregini turizm pudagynyň emele getirýändigini belledi. Onuň aýtmagyna görä, bu pudagy ösdürmek üçin Türkmenistanyň doly mümkinçilikleri, gowy şertleri, şol sanda gözel tebigaty, dynç alyş üçin her hili serişdeleri bar.

Şertler barmy?

Düýbi Ankarada ýerleşýän Gazi uniwersitetiniň Halkara gatnaşyklar bölüminiň professory Mehmet Seyfettin Eroluň pikirine görä, ýurduň bu ugurda mümkinçilikleri bar, emma ýeterlik däl. Tebigy we taryhy baýlyklar we şuňa meňzeş başga mümkinçilikler turizm pudagynyň zeruryýetini doly üpjin etmek üçin ýeterlik däl diýip Mehmet Seýfettin Erol belleýär. “Bu hili baýlyklar bilen bir hatarda infrastrukturanyň, şol sanda myhmanhanalar bilen bir hatarda howa gatnawynyň, bank sistemasynyň we iň esasy zat ýurduň ilatynyň şeýle ýagdaýlara taýyar bolmagy möhüm.”
Türkmenistanda esasy girdeýjili we halka iş orunlaryny döredýän pudak tekstildir.

Ankaradan telefon arkaly bize beren interwýusynda, Dr. Erol turizmiň gaty ýnjyk bir pudakdygyny aýdyp, ykdysady krizis ýa-da şuňa meňzeş dartgynlyklarda, ozaly bilen bu pudaga zyýan ýetýär diýdi.

Türkmenistaniň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 25-nji iýunda eden çykyşynda, ýurduň ykdysadyýetini köp ugurly etmek zerurlygyny göz öňünde tutup, turizm pudagynyň ähmiyeti baradaky çykyşyny edipdi.

Düýbi Londonda ýerleşýän Uruş we Parahatçylyk Maglumatlary Institutynyň redaktory Jon Mak Laudyň aýtmagyna görä, turizm ýaly pudak öz özinden başlanýan we ösýän pudakdyr, ol hökümet eýeçiliginde bolan halatynda bu pudaga hiç kim maýa goýmaz we hökümetiň edip biläýjek işi diňe gowy şertler döretmekdir.

Jon Mak Laud ykdysadyýeti köp ugurly etmek baradaky aladanyň örän dogry hereketdigini aýdyp, ýöne bu tagalla tekstil senagatyna gönükdirilen bolsa has ýerlikli bolardy diýip belledi. “Meniň pikirimçe, Türkmenistanda esasy girdeýjili we halka iş orunlaryny döredýän pudak tekstildir. Bu maliýe taýdan bähbitli pudakdyr, sebäbi bu ýurtda öndürilen pagtany başga bir ýurda eksport etmän, özlerinde peýdalanmaga ýagdaý döreder.”

Merkezi Aziýada Dubaý ya-da Şwesariýa

Türkmenistanyň ýolbaşçylary, esasan hem prezident Berdimuhamedow, Birleşen Arap Emirliklerinde ýerleşýän Dubaý şäherini, Türkmenistanyň ösmegi üçin model hökmünde kabul edýändigini mälim edipdi. Hatda Berdimuhamedow prezident hökmünde wezipä başlandan soň, daşary ýurtlara eden saparlarynyň ilkinjlerinden biri bolan Dubaýa baryp, bu emirligiň ykdysady ösüşi bilen bagly maglumatlar alypdy.

Türkiýeli synçy professor Mehmet Seyfettin Eroluň aýtmagyna görä, Dubaýyň hödürleýän mümkinçilikleri edil häzirki döwürde Türkmenistanda ýok we bu
Türkmenistan diňe gazy öndürip satman, bu pudaga degişli başga sektorlara-da üns berip biler.
hili şertleriň döredilmegi üçin köp serişde we wagt gerek. “Emma Türkmenistan, Merkezi Aziýa we öz töwereginde ýerleşýän ýurtlar üçin maliýe merkezi hem bolup biler.”

Men Türkmenistanda bolanymda, bu ýurda Ýaponiýadan bir delegasiýa gelipdi we bu delegasiýanyň Türkmenistan bilen bagly öňe süren pikirleriniň esasynda, bu ýurduň maliýe merkezi bolmagy baradaky teklip hem bardy diýip Dr.Erol aýdýar. “ Ýagny Türkmenistan diňe gazy öndürip satman, bu pudaga degişli başga sektorlara-da üns berip biler. Eger bu ýurt öz bank sistemasyny ösdürse, Hazaryň kenarynda bu merkezi döredip biler.” Dr.Erol Türkmenistanyň bitaraplyk statusyndan peýdalanyp, ýurduň konferensiýa we halkara ýygnaklaryň geçiriliýän merkezine-de öwrülip biljekdigini mälim etdi hem-de Aşgabadyň Ýewropanyň Şwesariýasy bolmazlygy üçin hem hiç hili sebäp ýok diýip belledi.

Türkiýeli synçy professor Eroluň aýtmagyna görä, bu hili proýektleri amala aşyrmak üçin, Türkmenistanyň dünýä bilen aragatnaşygyny has hem ösdürmegi we bu ýurda girip çykmak işleriniň ýeňilleşdirilmegi zerurdyr.
XS
SM
MD
LG