Sepleriň elýeterliligi

Baýram han Türkmen kim bolupdyr?


Garagoýunly türkmenleriň baharly tiresinden bolan Muhammet Baýram han Türkmen 16-njy asyryň başynda Badahşanda dogulýar. Başlangyç bilimi hem harby hünärleri şol ýerde alypdyr. Oňa Balhyň iň güýçli alymlary sapak beripdirler. Ol şol ýerde pars hem arap dilini düýpli öwrenipdir. Şol döwürde ýörgünli bolan goşgy düzmekligiň aruz formasynda goşgy düzüpdir. Ol aýratyn çalasynlygy bilen illeri haýran galdyrypdyr. Çapyksuwarlyk, gylyç oýnatmak, naýza sançmak, ok atmak ýaly birnäçe harby tälimleri ezberlik bilen özleşdiripdir.

Onuň kakasy Seýfaly beg Beýik mogollar imperiýasyny esaslandyran Zahyreddin Muhammet Babyra gulluk edipdir. Seýfaly beg söweşde wepat bolanda, Babyr öz serkerdesiniň hatyrasyna 1523-nji ýylda onuň ýaş ogly Baýramy öz ýanyna çagyrýar. Ol Babyryň goşun serkerdesi bolýar. Ikisiniňem şygryýete bolan höwesi olary biri-biri bilen ysnyşdyrýar. Babyr ölenden soň onuň ogly Humaýun imperator bolýar. Baýram han Humaýunyň ähli ýörişlerine we diplomatik işlerine gatnaşýar. Imperatoryň ýanynda uly wezipe eýeleýär hem-de onuň hakyky dosty bolýar. Humaýunyň tagta geçen döwri onuň doganlary bilen tagt üstündäki dawalary sebäpli mogol imperiýasy dargaýar.

Baýram han 1561-nji ýylda Mekgä barýarka pyçaklanyp öldürilýär.
1539-njy ýylda mogollaryň howply duşmany, owgan taýpasynyň sury tiresinden bolan Şir şa özüni imperator diýip yglan edýär. Humaýun ondan gaçyp gidýär. Baýram han Humaýunyň bähbidine güýçli diplomatik işler alyp barýar. Humaýun Baýram hanyň maslahaty bilen Babyryň mirasdüşeri hökmünde, Eýran şasy Tahmaspdan harby kömek soraýar. Eýran goşunynyň kömegi, mogollaryň edermenligi we owgan serdarlarynyň arasyndaky dawadan mogol serkerdesi Baýram han oňat peýdalanýar. Netijede, Demirgazyk Hindistanda Beýik mogol imperiýasy gaýtadan dikeldilýär. Humaýun Baýram hanyň döwlet derejesindäki akyl-paýhasyna uly baha beripdir we öz aralaryndaky dostlugy garyndaşlyk gatnaşygy bilen berkitmek isläpdir. Baýram han Humaýunyň uýasynyň gyzy Selime Soltana öýlenip, şa maşgalasy bilen garyndaşlyk gatnaşygyny açýar.

16-njy asyryň ortalarynda mogollaryň imperiýasynyň territoriýasy giňelýär. Munda hem Baýram hanyň hyzmaty uly bolupdyr. Humaýun Eýran şasy Tahmasp bilen bilelikde Baýram hana şol döwrüň iň ýokary harby derejesi bolan hanlaryň hany we ähli türkmen taýpalarynyň aksakgaly diýen tituly berýär. Şeýle-de, Humaýun Baýram hany öz ogly Ekbere atalyk belleýär. Ekber 14 ýaşyna baranda, Humaýun aradan çykýar. Ekber beýik mogol imperiýasyna imperator bellenilýär. Ekber 18 ýaşyna ýetýänçä, Baýram han beýik mogol imperiýasyny Ekberiň adyndan dolandyrýar.

Baýram han 16-njy asyryň belli şahyrydyr. Baýram hanyň şygyr mirasyndan biziň günlerimize onuň pars-türkmen diwany gelip ýetipdir. Şonda onuň pars dilinde ýazan goşgularynyň 1216 setiri, türkmen dilindäki goşgularynyň 718 setiri ýerleşdirilipdir. Onuň türkmen dilindäki goşgularynda şol döwürdäki çagataý diliniň täsiri duýulýar. Goşgularynyň agramly bölegi söýgi temasynda bolup, galanlary harby-gahrymançylyk we aýry-aýry şahslary taryp edýän şygyrlardyr. Şahyr Gündogar şygryýetiniň şol döwürde giňden ýaýran görnüşleriniň hemmesinden oňat baş çykarypdyr. Ol kasydalar, gazallar ýazypdyr.
Baýram han 1561-nji ýylyň ýanwar aýynda Mekgä barýarka, Güjeratyň golaýynda zalymlyk bilen arkasyndan pyçaklanyp öldürilýär. Ekber muny eşidip gaty gynanypdyr. Ol Baýram hanyň jesedini Delä getirip, uly hormat bilen jaýlaýar. 17 ýyldan soň ýegeni Hüseýinguly han Baýram hanyň jesedini Maşada göçüripdir. Baýram hanyň ölüminden soňra Ekber şa onuň aýalyny we dört ýaşly ogly Abdyrahymy öz köşgüne getirýär hem-de Abdyrahymyň terbiýesi hakyndaky aladalary öz üstüne alýar. Baýram hanyň ogly hanlaryň hany titulyna eýe bolan Abdyrahym hem bäş dilde goşgy ýazan uly şahyr bolupdyr.

Baýram hanyň doglan gününiň 500 ýyllygy 2000-nji ýylda Türkmenistanda, Hindistanda we Päkistanda uly dabara bilen bellenildi. Ýakynda bolsa, Aşgabat şäherinde Baýram hanyň ömri we döredijiligine bagyşlanan halkara konferensiýa geçirildi.
XS
SM
MD
LG