Sepleriň elýeterliligi

Karzaý: Talyplar ses bermäge gatnaşsynlar


Owganystanyň prezidenti Hamid Karzaý şu günki çykyşynda, Awgust aýynda prezidentlige geçiriljek saýlawlara gatnaşmaga hem-de ses berilýän okruglara hüjüm etmezlige Talyp toparyny çagyrdy. “Ýaragly topar parahatçylyk bilen öýlerine dolanyp, ses bermek üçin býuletenleri alyp, ses bermäge gatnaşmaly” diýip, Karzaý Talyp toparyna ýüzlenipdir. Şeýle hem Karzaý, saýlawlaryň parahatçylykda geçiriljekdigini we bu ýagdaýyň ýurduň ösüşine itergi berjekdigini hem öňe sürdi.
XS
SM
MD
LG