Sepleriň elýeterliligi

‘Eýrandaky protestlerde tussag edilenlere näme garaşýar? Men aýdyp bilerin.’


Ali: "Adamy ezip, şahsyýetinden hiç zat galmaz ýaly edilen hereketleriň ilkinji ädimi urup-ýençmekden ybaratdy."

Ali: "Adamy ezip, şahsyýetinden hiç zat galmaz ýaly edilen hereketleriň ilkinji ädimi urup-ýençmekden ybaratdy."

Resmi maglumatlara görä, Eýrandaky prezidentlik saýlawlaryna garşy çykan oppozisiýanyň protestlerine gatnaşan 450-ä golaý adam tussag edilipdir. Eýranyň içindäki kabir çeşmeler muny muňlereçe diyip belleýärler. 10 ýyl mundan öň Eýranda bolan studentleriň demonstrasiýasyna gatnaşanlar üçin, täze tussag edilenlere nämeleriň garaşýandygy belli zat. 1999-njy ýylda tussag edilen studentleriň biri Ali Fathi, öz başdan geçirenleri barada gürrüň berýär.

Eýrandaky protestlerde tussag edilenlere näme garaşýar?

Bu barada men size gürrüň berip bilerin. Men ylaýyk 10 ýyl mundan ozal, 1999-njy ýylda Tähranda geçirilen demonstrasiýadan soň tussag edildim.
Şonda maňa garşy ulanylan aýyplamanyň şeýle bir adalatsyz bolandygy sebäpli men ýurdumy terk edip, Ýewropa ýurtlaryndan baş pena soramaga mejbur boldum.

1999-njy ýylda Muhammet Hatamy ýurda ýolbaşçylyk edendigi üçin, reformaçylar Eýran Yslam respublikasyndaky repressiw ýagdaý ýuwaş-ýuwaşdan özgerer diýip umyt edýärdiler.

Studentler protestlerde 5 ýyl azatlykdan mahrum edilen reformaçy Abdylla Nurynyň suratlaryny galdyrýarlar, 5-nji dekabr, 1999 ý.
Men uniwersitetiň studenti hökmünde öz pikirimi açyk beýan edip bilýändigime guwanýardym. Hatda Basij milisiýasynyň agzalarynyň studentleriň arasynda bolandygy hem bizi, ýaş studentleri öz pikirimizi açyk beýan etmekden saklap bilmedi. Şol döwürde, ýagny 10 ýyl mundan ozal, uniwersitet orunlarynyň ýarysy diýen ýaly milisiýanyň agzalary üçin saklanylýardy. Emma muňa garamazdan, hemme ýerde özgerişlere garaşylýardy.

1999-njý ýylda Tähranda başlan demonstrasiýalar, beýleki şäherlere hem ýaýrady. Tähran uniwersitetiniň käbir studentleri reformaçylaryň meşhur gazetiniň ýapylmagyna garşy protest geçirdiler. Birnäçe adamdan ybarat bolan protestçiler toparyna ýaraglanan hüjümçiler topulyp, studentleri urup-ýenjip başladylar. Bu waka biperwaý tomaşa edip duran polisiya, tä studentleriň biri öldürilýançä hiç hereket etmedi.

Biziň ganymyz gyzyp, polisiýanyň resmileriniň wezipelerinden çetleşdirilmegini talap edip, onlarça müň student bolup köçä çykdyk.
Şeýle-de biz, reformalary çaltlaşdyryp, bize has açyk jemgyýetde ýaşamaga ýol bermegini Muhammet Hatamydan talap edýardik.

Men, umumy ýaşaýyş jaýymyzyň binasynda asylan, Eýranyň ruhany lideri Aýatolla Ali Hameneýiniň portretini ýykan 50 studentiň biridim. Bizden birisi şol portreti otlady. Polisiýa, umumy ýaşaýyş jaýymyzy gabap, onuň içinde bolan hemme studenti tussag etdi. Ýöne olar bizi polisiýa uçastogyna alyp gitmediler. Onuň ýerine olar biziň gözümizi baglap, ene-atalarymyzyň tapyp bilmejek gizlin ýere eltdiler.

Indi näme ederlerkä?

Tähranyň daşynda ýerleşýän ýarym ýumurlan harby lagerde bizi ýalaňaçlap, hemmämiziñ elimize iki örtgi tutduryp, demir konteýneriň içine saldylar. Şol garaňky konteýnerlerde ýatara ýer ýokdy. Men ýanymdaky dört ýoldaşym bilen aýry konteýnerde saklandym. Biz bary-ýogy 20 ýaşly oglandyk.

Biz şol elhenç ýerde iki hepdäniň dowamynda saklandyk. Ýalaňaç, ysgynsyz halda näme boljagyny bilmän, öz ykbalymyzyñ bizi şol ýerde saklaýan adamlara baglydygyndan gorkýardyk. Nahar bize günde bir gezek berilýärdi. Wagtal-wagtal bizi sorag etmek üçin alyp gidýärdiler. Bu zatlar bolsa, biziň mertebämizden galan soňkyja alamatlary weýran etmäge gönükdirilýärdi.

Adamy ezip, şahsyýetinden hiç zat galmaz ýaly edilen hereketleriň ilkinji ädimi urup-ýençmekden ybaratdy. Dünýa ýüzündäki hemme kada kanunlary bozandygymyza ynanýan daýaw adamlar bizi ilki bilen depip ýere ýykdylar. Soňra bolsa “Allahu Akbar” diýen sözler bilen ýüzümize depdiler. Olar ýowuz skinhedler, ýagny takyr-kelleliler ýaly hereket edýärdiler, emma skinhedlerden tapawutlylykda olaryň sakallary hem-de saçlary bardy.

Bir gezek meni uran adamyň eline gözüm düşdi. Onuň eli meniňkiden 2 esse ulydy. Şeýle gynamalar iki hepde dowam etdi. Soňra meni başga bir türmä geçirdiler. Ol ýerde meni ýa tüm garaňky jaýda saklaýardylar, ýa-da göziňi çykaryp barýan aşa ýagty çyralary ýakyp, kä bir halatlarda olary 24 sagadyň dowamynda öçürmän saklaýardylar.

Şeýdip hem, uzak 8 aýyň dowamynda meni gynadylar. Emma meniň boýun alara zadymyň bolmazlygy we meni ol ýerde saklamagyň manysynyň ýokdugy
Eýranda bir gezek tussaglykda bolan adamyň, bu ýurduň içinde ömürlik tussaglyga düşýändigine doly düşünýärdim.
meni halas etdi. Şol uzak 8 aýyň dowamynda ene- atamyň meniň gözlegimde ýüzlenmedik ýerleri galmandyr. Olar Tähranyň hemme türmelerine aýlanyp meni tapjak bolupdyrlar. Resmileriň biri bolsa, meniň ýok edilen bolmagymyň mümkindigini aýdypdyr.

Sekiz aý türme tussaglygyndan söň meni öz obama iberdiler. Emma Eýranda bir gezek tussaglykda bolan adamyň, bu ýurduň içinde ömürlik tussaglyga düşýändigine men doly düşünýärdim. Sebäbi maňa okuwymy dowam etdirmäge, gowy iş tapmaga ýol ýapykdy. Men ýalylar diňe öz doglan kiçi şäherjigine gaýdyp baryp bilýärdi. Emma ol ýerde hem hemme kişi biri-birini tanap, men ýalylara jemgyýetiň zyňyndysy, ýigrenji ýaly garaýarlar.

Obamyzda Eýran häkimiýetleriniň ynamdar adamy, Eýran-Yrak uruşynda iki oglyny ýitiren bir ýaşula meniň gözegçiligimi tabşyrdylar. Men niräk gitsem-de, şondan soraşyp gitmelidim. Ol menden diňe bir zady talap edýärdi. Ol hem namaz okamakdy. Diňe metjitde däl, eýsem öýde hem men namaz okamalydym. Men onuň bu talabyny ýerine ýetirdim. Şeýdip ýuwaş-ýuwaş onuň ynamyny gazanyp, uzak wagtlap obamdan gitmäge rugsat alýardym. Bir gün bolsa, amatly pursat dörände, men Eýrandan gaçyp çykdym.

Häzirki demonstrasiýalardan soň hem, şol protestlere gatnaşan ýaşlaryň, Eýrandan gaçyp çykmak üçin meniň saýlan marşrutymy saýlajakdyklaryna ynanýaryn. Bu marşrut köp adama belli. Onda Eýranyň serhedinden geçen ýaşlar, Türkiýe arkaly Gresiya, soňra bolsa Fransiýa geçmek üçin adam gaçakçylygy bilen meşgullanýan bir topardan beýleki topara geçirilip, ýük daşaýan konteýnerlerde Fransiýa ýetmek üçin örän agyr ýagdaýlary başdan geçirmeli bolýarlar.

Eýsem bu, şeýle kynçylyklary başdan geçirip, öz dogduk ýurduňy terk edip, ene-ataňy, eziz dostlaryňy taşlap gitmäge degýän zatmydyr? Elbetde ýok.
Emma mende şeýle soragy özüme bermek zerurlygy ýokdy. Sebäbi bu ýagdaýda meniň başga çykalgam bolmady. Meniň ýurdumyň hökümeti meniň ata watanymy elimden aldy, öz dogduk ýurdumy terk etmäge meni mejbur etdi. Meniň ýeke-täk günäm bolsa, syýasy demonstrasiýa gatnaşanlygymdy.
XS
SM
MD
LG