Sepleriň elýeterliligi

Ysraýylyň prezidenti Azerbeýjana we Gazagystana sapar edýär



Ysraýylyň prezidenti Şimon Peres, şu gün Azerbeýjana we Gazagystana dört günlük resmi saparyna başlaýar. Saparyň maksadynyň, döwletler arasynda strategiki ykdysady gatnaşyklary ýola goýmakdygy habar berilýär. Saparyň dowamynda, Şimon Peresiň prezidentler Ylham Aliýew hem-de Nursoltan Nazarbaýew bilen gepleşikleri planldaşdyrylypdyr. Şeýle hem ol, Astanada geçirilýän dünýä dinleriniň baştutanlarynyň gurultaýyna gatnaşar.
XS
SM
MD
LG