Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Maýkl Jeksonyň maşgalasy, merhumyň jesedini barlamagy soraýar


Maýkl Jeksonyň maşgalasy, merhumyň jesedini ikinji gezek kesip görmegi talap edýär diýip, belli amerikan syýasy işgäri hem-de adam hukuklaryny goraýjy Jessi Jekson aýdypdyr. Onuň sözlerine görä, aýdymçynyň ýüreginiň birdenkä durmagynyň sebäbini anyklamak zerur.

Maýkl Jeksony bejerýän lukman Konrad Mýurreý, aýdymçyny direltmäge alada edipdir. Azatlyk radiosynyň habarçysynyň maglumatyna görä, polisiýa lukmandan sorag edipdir, bu işi ýene-de gaýtalamakçy. Maýkl Jeksonyň ölüminiň sebäpleri boýunça doly netijä gelmek üçin birnäçe hepde gerek bolar.
XS
SM
MD
LG