Sepleriň elýeterliligi

ÝHHG ministrleri howpsuzlygy maslahatlaşdylar


Orsýetiň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow

Orsýetiň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow

Ýewropanyň howpsuzlyk sistemasyny üýtgedip gurmak baradaky Orsýetiň teklibini ÝHHG (OSCE) sowukganlylyk bilen garşylady.

Gresiýanyň Korfu adasynda, gurama agza ýurtlaryň Daşary işler ministrleriniň duşuşygyna gatnaşyjylar, howpsuzlyk institutlary – NATO-nyň, Ýewropa Birleşiginiň we ÝHHG-niň kadaly işleýändigini bellediler.

Moskwa, Ýewropada howpsuzlyk boýunça täze şertnama baglaşmagy teklip edýär. Ol gatnaşýan ýurtlaryň deňhukukly durumyny we harby bileleşiklerden ýüz öwürmegi göz öňünde tutýar.

'Ýerini dolduryp bolmajak forum'

Duşuşygyň açylyşynda, ÝHHG-niň wagtlaýyn başlyklygyny alyp barýan Gresiýanyň primýer ministri Kostas Karamanlis, bu guramanyň regionda doly potensialy bilen hyzmat etmändigini belläp, munuň ‘ýerini dolduryp bolmajak’ forumdygyny nygtady.

(Çepden-saga) ÝHHG-niň metbugat wekili Martin Nesirki, Gresiýanyň Daşary işler ministri Dora Bakoýannis we Gresiýanyň DIM-niň metbugat wekili Grigoris Delawekuras, iýun 28, 2009.
“Biziň ýüzbe-ýüz bolýan problemalarymyz, entek köp işleriň edilmän galandygyny hem-de 1975-nji ýyldaky Helsinki şertnamasynda we 1990-njy ýylyň ustawynda bellenilşi ýaly, ähliumumy prinsiplere we mäkäm howpsuzlyga esaslanýan birleşen kontinent arzuwlarynyň, entek Ýewropanyň ähli ýeri üçin hakykat däldigini ýatladýar” diýip Karamanlis belledi. “Biz ep-esli ýoly geçdik ýöne barmaly ýerimize entek gelmedik.”

Ýaraglaryň gözegçiligi, jenaýatçylyga garşy göreş, adam hukuklary hem-de saýlaw monitoringi ýaly dürli meseleleriň üstünde işlemek boýunça misiýasy bolan ÝHHG (OSCE), Ýewropanyň, Merkezi Aziýanyň we Demirgazyk Amerikanyň 56 ýurduny öz içine alýar.

ÝHHG-niň metbugat wekili Martin Nesirki, bu duşuşygyň, regiondaky hazirki bar bolan we geljekde kynçylyk döretjek howpsuzlyk meselelerine garamak üçin synanşykdygyny aýtdy. Nesirki, Geçen ýyl Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedew tarapyndan öňe sürülen teklibiň, ‘hazirki wagtda hakykatdan hem bat alyp ugran proses uçin badalga’ bolandygyny belledi.

Adada geçen duşuşygyň çäklerinde, Orsýet-NATO geňeşiniň hem duşuşygy boldy. Ol, geçen ýylyň awgustynda bolan Orsýet-Gürjüstan çaknyşygyndan soňky ilkinji duşuşykdyr. Taraplar doňdurylan harby hyzmatdaşlyga täzeden girişmek barada ylalaşdylar. NATO-nyň Baş sekretary Ýaap De Hup Skeffer, Gürjüstan-Orsýet-NATO gatnaşyklarynda düýpli oňşuksyzlyklaryň saklanyp galýandygyny belledi.

Habar agentlikleriniň maglumatlary esasynda düzüldi.
XS
SM
MD
LG