Sepleriň elýeterliligi

Albaniýa parlament saýlawlaryny geçirýär


Albaniýada parlament saýlawlary tamam boldy. Ses berişligiň netijeleri, Albaniýanyň konserwatiw premýer ministri Sali Berişanyň ikinji möhlete hem wezipede galjakdygyny görkezýär. Bu saýlawa 500 çemesi halkara synçy, 3 müň çemesi ýerli resmi gözegçilik edýär. 5500 polisiýa işgäri bolsa saýlawlaryň howpsuzlygyna seredýär. Dolandyryjy Demokratiýa partiýasy bilen oppozisiýadaky Sosial partiýa ýurtda garyplyga garşy göreşmegi we Albaniýany Ýewropa Birleşigine golaýlatmagy wada berýärler.
XS
SM
MD
LG