Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ: Eýran bilen gepleşikler entek mümkin


Demonstrasiýaçylar prezident Mahmut Ahmedinejadyň gaýtadan saýlanmagynyň kanunylygyny sorag astyna salan hem bolsalar, Birleşen Ştatlaryň hökümeti, Eýran bilen onuň ýadro planlary barada gürleşmek üçin gapylary açyklygyna galdyrar. ABŞ-niň BMG-däky ilçisi Sýuzan Raýs, şu gün Ahmedinejat öz ýurdunyň içerki problemalarynda Günbatary we ABŞ-ni günäkärlemekde öz hökümetiniň adaty strategiýasyna eýerýär diýdi. Şeýle-de Raýs, Eýranyň öz halky tarapyndan sorag astyna alnan hökümet kanunylygy, Birleşen Ştatlaryň Tähranyň ýadro ýaragly ýurda öwrülmeginiň öňüni almak maksadynyň ýanynda aňrybaş bir mesele däl diýdi. Mundan başga, Obamanyň baş geňeşçisi Deýwid Akselrod şu gün Ahmedinejat Eýranyň daşary syýasaty babatda ahyrky sözi aýdýan adama meňzänok diýdi.
XS
SM
MD
LG