Sepleriň elýeterliligi

ÝB Eýranyň ilçileri gorkuzmasyna bilelikde jogap berer


Ýewropa Birleşigi, Eýranyň Tährandaky Ýewropa ýurtlarynyň ilçihanalarynyň işgärlerini gorkuzmalaryna bilelikde berk garşylyk görkezmek kararyna geldi. ÝB-niň Daşary işler ministrleriniň resmi däl duşuşygynda çykyp gürlän Çeh Daşary işler ministri Ýan Kohout, Eýran häkimiýetlerini diplomatiýa işgärlerini doly goramaga çagyrdy. Britaniýanyň Daşary işler ministri Deýwid Miliband, ministrleriň Gresiýanyň Korfu adasynda geçen duşuşygynyň, Britan ilçihanasynyň Eýran häkimiýetleri tarapyndan saklanan ýerli işgärlerini derhal goýbermäge çagyrandygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG