Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Çeçen pitneçileri inguş liderini öldürmekçi bolandyklaryny aýdýarlar


Çeçen pitneçi topary, Inguşystanyň Moskwa tarapyndan bellenen prezidenti Ýunusbek Ýewkurowy öldürmäge synanyşandygyny aýtdy. Kawkazsenter.com internet saýtynda ýerleşdirilen beýanat, bu operasiýany “Riýadus Salikhiýn” pitne batalýonynyň geçirendigini aýdýar. Bu topar özlerine çeçen partizan lideri Doku Umarowyň ýolbaşçylyk edýändigini aýdýar. Rus metbugaty Doku Umarowyň maýda geçirilen harby operasiýa mahalynda öldürilendigini ýazýar. Pitneçiler onuň öldürilendigini ýalana çykarýarlar.
XS
SM
MD
LG