Sepleriň elýeterliligi

Gyrgyzystanda gazaply atyşyk boldy


Atyşyk ir sagat 8.00-a çenli dowam edip toparyň agzalaryndan 2-si ele salnypdyr.

Atyşyk ir sagat 8.00-a çenli dowam edip toparyň agzalaryndan 2-si ele salnypdyr.

27-nji iýunda giç sagat 18.00 töwereginde, Gyrgyzystanyň Özgen raýonynyň Koş-Korgon obasynda näbelli ýaragly topar bilen Gyrgyzystanyň ýörite howpsuzlyk işgärleriniň arasynda atyşyk boldy.

Atyşykda ýaragly topardan 3 adam öldürilipdir. Atyşyk ir sagat 8.00-a çenli dowam edip toparyň agzalaryndan 2-si ele salnypdyr. Özgen şäheriniň çetindäki Koş-Korgon obasynda atyşyk başlananda, ýerli ýaşaýjylar şähere tarap gaçmaga mejbur bolupdyrlar. Ýörite gullugyň işgärleri tarapyndan ol toparyň üç sany jenaýatçysy atylyp öldürilenden soň, olaryň wagtlaýyn ýaşaýan jaýynyň töwereginden, ýarmak üçin taýýarlanan granatalar tapylypdyr. Doly aýdylanda, jenaýatçylaryň ýanyndan 4 sany granat, 2 Makarow sapançasy, ýene-de bir ok atyjy gural, 10-a golaý mobil telefonlary, maglumat saklaýan enjamlar tapylypdyr.

Howpsuzlyk edaralary näme diýýär?

Oş welaýatynyň Milli howpsuzlyk komitetiniň işgäri Nurlan Mirzahunow Azatlyk radiosyna beren maglumatynda, olar berk garşylyk görkezdiler diýip aýtdy. “Her bir terrorçynyň ýanyndan Makarow sapançasy tapyldy. Olarda granat hem bar eken. Olaryň ýanynda bolan bar ok ýaraglar alynyp dernew işleri başladyldy.”

Operasiýada azyndan üç söweşijiniň öldürilendigi habar berilýär.
Waka bolan ýerdäki hukuk goraýjy işgärleriň sözlerine görä, terrorçylaryň Koş-Korgan obasyna gelip, ýaşap ýörenlerine 4-5 günden köpürak wagt bolupdyr. Emma howpsyzlyk gullugy, bularyň 23-nji iýundaky Jalalabatdaky bolan waka bilen baglanyşygy bar diýip güman edýär. Sebäbi bu ýerde tapylan sport geýimleri, Jalalabatdaky terrorçylaryň geýimi bilen birmeňzeş eken. Oş welaýatynyn Içeri işler bölüminiň metbugat gullugynyň maglumatyna görä, öldurilenleriň kabiri 12 ýyldan bari Özbegistanda gözlegde duran adamlar. Şonuň uçin hem olar Özbegistan Yslamçy hereketiniň agzasy bolmagy mümkin diýlip güman edilýär.

Öldürilen terrorçylardan biriniň aýalynyň we 10-njy klasy tamamlan oglunyň bardygy aýan edilip, olar saklanypdyr. Ol aýal öz adyny aýtmandyr. Emma Azatlyk radiosynyň gyrgyz gullugynyň habarçysyna, özleriniň Özbegistanyň Hanabad etrabyndan gelendiklerini mälim edipdir. “Biz bu ýere 20-nji iýunda Jalalabatdan geldik. Men adamym bilen geldim. Onuň ýanyndakylar anna güni geldiler.”

Resmi maglumatlara göra, Özgende atylyp öldürilen terrorçylaryň 2 sanysy Özbegistanyň, ýene-de biri Gyrgyzystanyň raýaty. Öz adynyň tutulmagyny islemedik, bu waka şaýat bolan Özgenli bir adamyň sözlerine göra, terrorçylaryň jesetleri 28 –nji iýun guni wakanyň bolan ýerinden alnyp gidilipdir.

“3 sany jesedi sagat 11-lerde alyp gitdiler. Olary hemme kişi görsün diýip borty pes “Porter” maşynynda alyp gitdiler. Ölüler haltalara salynandy. Olar nähili öldürilen? Haltalaryň içinde öli barmy ýa-da ýok? Ony hiç kim bilmeýär” diýip wakanyň şaýatlarynyň biri aýdýar.

Häzir Milli howpsuzlyk gullugy, bu bäş adamyň Jalalabatdaky wakalardan soň Özgen tarapa gaçan bolmagy mümkin diýip çak edýär. Emma ýerli ýaşaýjylar ol terrorçylaryň öz obalarynda bir hepdeden bäri ýaşap oturandygyny görmandiklerini aýdýarlar.

‘Merkezi Aziýada ýagdaý dartgynlaşýar’

Özbegistanly syýasy synçy Daşpolat Ýoldaşewiň pikirine göra, bu iki ýurt ägirt uly döwletleriň global syýasatyna goşulyp, olardan köp mukdarda kömek alyp başlapdyrlar. “Bu kömek grantlar hem-de aerodromlary kireýine bermek ýoly bilen gelýär. Şonun üçin bu iki ýurtda terrorçylyga we ekstermizme garşy göreş güýçlendirilipdir. Bu ýerde bu iki döwletiň arasynda umumy bir ylalaşyk bolmaly. Meniň pikirimçe, mundan beýläk terrorçylyga we ekstremizme garşy geçirilýän operasiýalar ýene-de güýçlendirilmegi mümkin”

Gyrgyzystanly ekspert Togtagul Kakçekeýewiň sözlerine göra, bu özara düşünüşmegiň Aziýa häsiýetli sistemasydyr. “Biz häzir Özbegistan bilen Gyrgyzystanyň daşyndan Hytaý diwaryny gursak hem adamlaryň gatnaşygyny togtadyp bilmeris. Sebabi adamlaryň islän ýerine baryp ýaşamaga we işlemage haky bar” diýip synçy Kakçekeýew belleýär. Eger ABŞ-na ýylda ýarym million adam gizlin ýollar bilen bikanun barýan bolsa, Merkezi Aziýanyň adamlary muňa gadymdan öwrenişen. Emma hakykaty aýtmaly, Merkezi Aziýada häzir ýagdaý dartgynlaşyp barýar. Bu elbetde Özbegistan Yslamçy hereketi bilen bagly.”
Hökümeti ele salmak hereketi bolmagy mümkin...


Onuň sözlerine göra, häzirki Özgende we Jalalabatda bolan wakalar 90-njy ýyllardaky hadysany ýatladýar. Sebäbi 80-nji ýyllarda Özgende “FANO” ýagny Fergana, Andijan, Namangan, Oş hereketi düzülipdir. “Ýurtda ýeterlik gözegçiligiň ýokdugyndan peýdalanyp, olaryň ideýasy ösup, agzalarynyň sany artyp, hökümeti ele salmak hereketi bolmagy mümkin.”

Bu operasiýa, Gyrgyzystanyň Milli howpsuzlyk gullugynyň “Alfa” atly ýörite topary tarapyndan amala aşyrylypdyr. Atyşykda ýörite gullugyň işgarlerine zyýan ýetmandir. Gyrgyzystanyň Milli howpsuzlyk gullugy häzirlikçe bolan waka barasynda maglumat bermejekdigini bildirdi. Ýörite gullugyň işgärleri tarapyndan Özgende derňew işleri alnyp barylýar.
XS
SM
MD
LG