Sepleriň elýeterliligi

Türkmen prezidentiniň Iordana sapary başlaýar


Türkmen Döwlet Habarlar gullugy, şu gün prezident Berdimuhamedowyň Iordana resmi saparynyň başlandygyny habar berýär. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan bilen Iordanyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar resmi ýagdaýda 1993-nji ýylda ýola goýlupdy.Şu döwrüň içinde Türkmenistanyň resmi habar serişdeleri iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň ýangyç-energetika, söwda-ykdysady, oba-hojalyk, transport we kommunikasiýa, tekstil we himiýa senagaty we gurluşyk pudaklarynda has hem ösendigini habar berýärler. Maglumata görä, türkmen prezidentiniň Iordana edýän bu saparynyň barşynda Türkmenistan bilen Iordanyň arasyndaky syýasy, ykdysady we medeni ugurlardaky hyzmatdaşlyklary has-da ösdürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar.
XS
SM
MD
LG