Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Owganystanda polisiýa işgärleri öldürildi


29-njy iýunda, Owganystanyň Kandagar şäheriniň günortasynda bolan atyşykda, welaýat polisiýa bölüminiň başlygy bilen birlikde ýene azyndan sekiz sany polisiýa işgäriniň öldürilendigi barada maglumat alyndy. Maglumata görä, wakada owgan esgerleriniň bir topary ýerli prokuraturanyň jaýyna girip, bir türme tussagyny alyp gaçypdyrlar. Prokuraturanyň binasyna esgerleriň hüjüm eden wagtam polisiýa işgärleri bilen harbylaryň arasynda çaknyşyk ýüze çykypdyr. Tussaghanadan alnyp gaçylan tussagyň kimdigi barada häzirlikçe anyk maglumat alynmady.
XS
SM
MD
LG