Sepleriň elýeterliligi

Orsýet Demirgazyk Kawkazda harby türgenleşik geçirýär


Gürjüstan bilen bolan geçen ýylky urşundan bäri geçen döwrüň içinde ilkinji gezek 29-njy iýunda Orsýet Demirgazyk Kawkazda uly gerimde harby türgenleşik geçirmäge başlady. Orsýetiň resmileriniň maglumatyna görä, bu harby türgenleşige ýurduň 8.5 müňden gowrak harbysy gatnaşar. Harby türgenleşikleriň amerikan prezidenti Barak Obamanyň Moskwa sapar etjek güni, ýagny 6-njy iýunda hem dowam etjekdigi aýdylýar.
XS
SM
MD
LG