Sepleriň elýeterliligi

Orsýet-Azerbeýjan gaz ylalaşygyna gol çekildi


Duşenbe güni Orsýetiň prezidenti Dimitriý Medwedewiň Azerbeýjana saparynyň dowamynda, Orsýetiň Azerbeýjandan 2010-njy ýyldan başlap satyn aljak gazy bilen baglanyşykly ýörite ylalaşyga gol çekildi. Bu baradaky dokumente Orsýetiň “Gazprom” kompaniýasynyň başlygy Alekseý Miller bilen Azerbeýjanyň milli energiýa kompaniýasynyň başlygy Rowgan Abdullaýew gol çekdiler. Käbir synçylar Azerbeýjan bilen Orsýetiň arasynda gol çekilen bu ylalaşygyň, Hazar sebitiniň gazyny Ýewropa akdyrmaklygy göz öňünde tutýan Nabukko proýektiniň gelejegine howp abandyrmagy hem mümkin diýip hasaplaýarlar.

XS
SM
MD
LG