Sepleriň elýeterliligi

Polisiýanyň ýörite bölümi Tähranyň köçelerine çykaryldy


Sakçylar geňeşi Mahmut Ahmedinejadyň perzident saýlawlaryndaky ýeňşini tassyklandan soň, Eýran paýtagtynyň köçelerine polisiýanyň ýörite bölümleri çykaryldy. Ýokary kanun guramasy, sesleriň bölekleýin gaýtadan sanalmagy reformaçy opponentleriň bidüzgünçilikler barada aýdýanlaryny we saýlawyň bikanundygyny hem gaýtadan geçirilmelidigni tassyklamady diýdi. ABŞ-niň döwlet sekretary Hillari Klinton, Eýran dolandyryjylary şindem içki oppozisiýa bilen ýüzbek-ýüz boljaga çalym edýär diýdi.
XS
SM
MD
LG