Sepleriň elýeterliligi

Gyrakladylan prezident Hondurasa dolanýar


Manuel Zelaýa Penşenbe güni Hondurasa gitjekdigini aýtdy. Ol hepde aýagynda bolan harby agdarylyşyk sebäpli ýurtdan çykypdy. Zelaýa Nikaraguanyň paýtagtynda çykyp gürläp, Amerikan döwletleri guramasynyň başlygy Hose Miguel Insalzanyň özüne Hondurasa dolanmakda ýoldaş bolmagy teklip edendigini aýtdy. Ol 3-nji gün Waşingtonda Insalza bilen Hondurasda bolan krizis baradaky maslahata gatnaşypdy. Zelaýa özüniň Insalzanyň teklibini kabul edendigini aýtdy.
XS
SM
MD
LG