Sepleriň elýeterliligi

Eýranda sesleri bölekleýin gaýtadan sanamak tamam boldy


Eýranyň döwlet tele-radiosy (IRIB) Sakçylar geňeşiniň dawaly 12-nji iýun saýlawlarynyň netijelerini, ýagny prezident Mahmut Ahmedinejadyň ýeňşini tassyklandygyny aýtdy. Eýranyň Fars habarlar gullugy 12-nji iýunyň ertesi yglan edilen netijeleriň üýtgewsiz galdyrylandygyny habar berdi. Şu aralykda, şaýatlaryň aýtmaklaryna görä, garaşylýan resmi jarnamanyň öňüsyrasynda Tähranyň käbir meýdançalarynda polisiýa işgärleriniň sany köpeldildi. 12 agzaly Sakçylar geňeşi sesleriň 10 prosentini çemgeldik görnüşde gaýtadan sanamagy teklip etdi. Emma oppozisiýa saýlawlarda bidüzgünçiliklere we galplyga ýol berlendigini aýdyp, ony gaýtadan geçirmäge çagyrdy.
XS
SM
MD
LG