Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetde kazino senagaty ýapylýar


Puşkowa: "Metelitssa Moskwanyň taryhynyň bir bölegi."
Puşkowa: "Metelitssa Moskwanyň taryhynyň bir bölegi."

Şu gün Orsýetde kazino senagaty ýapylýar. Ertirden başlap humar senagaty diňe döwlet tarapyndan bellenen Las-Wegas görnüşindäki ýerlerde bolar.

Moskwadaky gadymy Arbat köçesinde ýerleşýän kazinonyň çyralary eýýäm öçürilen. Orsýetdäki iň gadymy kazinolaryň biri “Metelitssada” iki ýazgy bar.

Olaryň birinde "16 ýyllap ynam bildiriendigiňiz üçin sag boluň", ikinjisinde bolsa "bu ýeri kärendesine almak" hödürlenýär.

Sentimental duýgy

“Metelitssa” kazinonyň golaýynda ýaşaýan aktrisa Ýeketerina Puşkowa, Metelitssa Moskwanyň taryhynyň bir bölegi diýip belleýär. “Bu hakykatdanam 16 ýyl şeyle. Biz şol kazinonyň golaýynda ýaşaýarys. Men onuň näçe ýyl mundan owal gurlandygyny bilýärin. Ol barada köp taryh we rowaýat bar. 16 ýyllap ynam bildirendigiňiz üçin sag boluň diýen ýazgy hakykatdanam haýsyda bir sentimental duýgy döredýär.”

Kazinolar 1990-njy ýyllardan bäri Orsýetde keýpi sapa çekmäniň bir bölegine öwrüldi. Olarda millionlarça pul gazanyldy ýada ýitirildi. Banditler ýa-da olaryň oýnaşlary öz stollarynda oýnaýarlar we olaryň şol ýerleriň hojaýynlarydygy aýdyldy.

4 kazinodan galany ýapylar

Emma, bu kazino pudagynda edilýän ähli zat däl. 2006-njy ýylda öňki prezident Putin 2009-njy ýylyň birinji iýulyndan ýörite 4-sinden beýleki ähli kazinony
Ýapylan kazinolaryň biri “Altyn köşk”, 30-njy iýun, 2009ý.
ýapmak barada kanuny öňe sürdi.

Olaryň biri Demirgazyk Korea we Hytaý bilen serhede golaýda, ikinjisi Altaý regionynda, üçünjisi Kaliningradda we dördünjisi günortadaky Azow deňzine golaýda ýerleşyär. Şol ýerler Orsýetiň geljekki Las Wegasy bolar. Häzirlikçe bu regionlar Las Wegasyň töweregini gurşap alan tozap ýatan çöllügi ýatladýar.

Maykl Boettcher Storm International toparynyň başlygy. Olar 10 ýyldan gowrak döwürde Orsýetde ençeme kazino açdylar. Botçer Orsýetde ýakyn iki ýarym ýylda 4 sany Las Wegasy döretmek isleýärler diýip belleýär. “Emma, bu regionlarda ýol, suw, elektrik energiýasy ýok ýa-da adam ýaşanok. Gepiň gysgasy, kimdir biriniň ol ýerlerdäki kazino gitjekdigi ikiuçly.Emma, muňa seretmezden bu ajaýyp idea.”

Bir milliar dollar we 400 müň iş orny sorag astynda

Botçeriň kompaniýasynda 6 müň adam işleýär. Täze kanun boýunça Orsýetde 400 müň adamyň işini ýitirjekdigi habar berildi. Orsýetiň döwlet býudžeti bolsa, ýylda bir milliard dollarlyk salgytdan mahrum bolar.

Ýakynda prezident Medwedew, 60 müň adamyň işini ýitirendigini aýtdy. 2006-njy ýylda kazinolary ýapmak kararyna gelinmeginiň sebäbi, ol ýurduň gündelik durmuşyna giň ornaşdypdy. Hatda, awtobus duralgalaryň golaýynda hem humar oýnalýan maşynlar goýuldy. Netijede, humarhanalarý açmak üçin lisenziýany Döwlet Sport Komitetinden almak karar edildi. Bu bolsa, kazino senagatyna garşydy.
Moskwada 3 müň sany humar oýnalýan merkez bardy.


“Moskwada 3 müň sany humar oýnalýan merkez bardy. Elbetde, olaryň kanun boýunça işlemeýändigi örän yaramazdy. Sen 20 dollara lisenziýa alyp bilýärsiň. Humar oýnalýan 2 maşyny 200 dollara satyn alyp, goňşylary çagyryp bilýärsiň. Netijede, şeýle ýagdaý emele geldi” diýip Botçer aýdýar.

Moskwada humar oýnalýan maşynlar çäklendirilmedi. Netijede, ýurduň her künjeginde ony goýdular. Şeýle ýagdaý Orsýetlileriň arasynda öň meşhur däldi we ýerli lukmanlar olary oýnaýanlaryň juda köpelendigini aýdyp başladylar.“Bu diňe ýaşlaryň arasynda dälde, soňky köpügini we pensiýasyny berýän pensionerleriň arasynda hem giň ýaýrady” diýip Putin aýdypdy.

Haçanda, humar oýnamagyň çäklendiriljekdigi yglan edilende, köpler ony goldapdy. Metelitssa kazinony halaýan artistka Puşkowa, şol kanuny iki elläp goldaýanlaryň biri. Humar oýnalýan ýerleriň resmileri soňky pursatda häkimiýetleriň pikirini üýtgetjekdigine umyt edýärler. Emma, prezident Medwedew olara haýsydyr bir eglişigiň edilmejekdigini aýtdy.
XS
SM
MD
LG