Sepleriň elýeterliligi

Türkmen aktiwistleri Ýewropa resmileri bilen duşuşdy


Türkmenistan Helsinki Fondy, 29-njy iýunda Brýusselde Ýewropa Birleşiginiň resmileri bilen duşuşyk geçirendigini habar berýär. Duşuşykda Türkmenistanda aýal-gyzlaryň, çagalaryň we milli azlyklaryň hukuklary, metbugat azatlygy, türme we tussaglaryň saklanyş şertleri, sudlaryň garaşsyzlygy we korrupsiýa, ýygnanyşmak azatlygy, döwlete degişli däl guramalar, hereket, pikir we din azatlygy barada gürrüň edilipdir.

Bu maslahat Türkmenistanyň delegasiýasynyň 30-njy iýunda Brýussele gelmeziniň öňüsyrasynda geçirildi diýip Türkemnistan Helsinki Fondy habar berýär.

Fondyň başlygy Täjigül Begmedowa, Çehiýanyň we Şwesiýanyň daşary işler ministrliginiň wekilleriniň duşuşykda eden gürrüňlerinden, olaryň Türkmenistandaky ýagdaýdan gowy habarlydyklary göründi diýip belledi.
XS
SM
MD
LG