Sepleriň elýeterliligi

Transport komissary uçarlaryň gara sanawyny düzmäge çagyrýar


Ýemen howa ýollarynyň uçary düýn irden 153 adam bilen Hindi okeanyndaky Komoros arhipelagynyň golaýyna ýykyldy. Resmileri ýolagçylaryň käbiriniň jesediniň tapylandygyny, aman galan bir ýolagçynyň bolsa halas edilendigini aýtdylar. 310 Airbus uçary Ýemeniň paýtagty Sanadan Komorosyň paýtagty Moronä barýan eken. Ýewropa Birleşiginiň transport komissary Antonio Taýani, ýemen uçary ýykylandan soň dünýä boýunça howpsuz bolmadyk uçarlaryň gara sanawyny düzmäge çagyrdy.
XS
SM
MD
LG