Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Gazak hem ysraýyl prezidentleri söwdany köpletjekler


Gazak prezidenti Nursoltan Nazarbaýew düýn Astanada ysraýylly kärdeşi Şimon Peres bilen duşuşdy. Taraplar söwda gatnaşygyny has-da giňeltmegi wada berdiler. Gazagystan Ysraýyl bilen söwdanyň 2008-nji ýylda iki ýarym esse artyp, 2.4 milliard dollara ýetendigini aýtdy. Nazarbaýewiň, Gazagystan Ysraýyla Orta Gündogarda möhüm hyzmatdaş hökmünde seredýär diýendigi habar berilýär.
XS
SM
MD
LG