Sepleriň elýeterliligi

Azeri gazy Orsýete akyp başlar - Nabukko sorag astynda


Medwedew we Aliýew dagy Hazar deňziniň statusy barada ylalaşyga golaýlaşylandygyny hem aýtdylar.

Medwedew we Aliýew dagy Hazar deňziniň statusy barada ylalaşyga golaýlaşylandygyny hem aýtdylar.

29-njy iýunda Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedewiň Azerbeýjana sapary mahalynda, iki ýurduň arasynda gaz ylalaşygyna gol goýuldy.

Orsýetiň prezidenti Medwedew bu ylalaşyga gol goýlandan soňra, biziň ýurtlarymyz energiýa resurslary eksport edýän möhüm döwletler diýip belledi. “Biz şu wagta çenli nebit pudagynda hyzmatdaşlyk etdik. Häzir bolsa, biz gaz pudagynda hyzmatdaşlyga başladyk. Bu diňe başlangyç. Ýöne, bu biziň gatnaşyklarymyzy we gaz pudagynda özara bähbitli hyzmatdaşlygymyzy ösdürmek üçin gowy başlangyç diýip oýlanýaryn.”

Gazpromyň başlygy Alekseý Miller we Azerbeýjanyň döwlet nebit kompaniýasy SOKAR-yň başlygy Abdullaýew şol ylalşyga gol goýdular. Emma, olar ylalaşyk barada çäkli maglumat berdiler.

Orsýet 2010-njý ýylyň ilkinji gününden Azeri gazyny satyn alyp başlar. Ýöne, ilkibaşda ol 500 million kub metre deň bolar we Orsýetiň näçe Azeri gazyny izgiderli satyn aljakdygy näbelli bolmagynda galýar.

Miller bu ylalaşygyň ähmiýeti barada tekrarlap, Orsýet we Azerbeýjan goňşy döwletler diýdi. “Şunlukda, tranzit ýurtlar bilen gepleşikler geçirmek zerurlygy yok. Eýýäm, iki ýurdy baglaýan turbaprowod bar. Şoňa göräde, biz tiz wagtyň içinde gaz satyn alyp bileris” diýip Gazpromyň başlygy belledi.

Azeri gazynyň ählisini satyn almagy mümkin

Milleriň sözlerine görä, Nabukko proýektini goldaýanlar üçin möhüm zat Orsýet Azerbeýjanyň Şah deňiz ýatagynyň ikinji böleginden gaz satyn almaga ukyply döwlet. Uzynlygy 3300 kilometrlik Nabukko turbasy çekilse, ondan Şah deňiz ýatagynyň ikinji bölegindäki gazyň ählisini akdyrmak göz öňünde tutulýar. Günorta Akym turbasyny doldurmak üçin Orsýetiň Azeri gazynyň ählisini satyn almagy mümkin.

Şol bir wagtyň özünde, Gazpromyň başlygy Miller, Orsýet Azerbeýjanyň ähli gazyny potensial satyn alyjylaryň biri diýse-de, Azeri kompaniýasynyň metbugat wekili Guliýew 29-njy iýunda gol çekilen ylalaşygyň Şah Deňiz ýatagy bilen haýsydyr bir baglanşygynyň ýokdugyny aýtdy. Guliýewiň sözlerine görä, Azerbeýjan ähli tarapyň, şol sanda Türkiýäniň tekliplerine hem seretmegini dowam etdirýär.

Häzirki planlara görä, Nabukko turbasy üçin Azerbeýjandan 8 milliard kub metr gaz satyn alynar. Orsýetli kärdeşi bilen duşuşygyndan soňra, prezident Aliýew öz ýurdunyň eýýäm, 27 milliard kub metr gaz alýandygyny we onuň şu ýyl 31 milliard kub metre ýetirilmegine garaşylýandygyny habar berdi.Ýöne, ol Azerbeýjanyň, Orsýeti goşanyňda 5 döwlete gaz satjakdygyny hem aýtdy.

Ilkinji teklibi Gazprom berdi

Geçen ýyl Gazprom ähli gazyny özüne satmagy Bakuwa teklip etdi. Azerbeýjanly energiýa eksperti Ilham Şabanyň Azatlyk radiosyna aýtmagyna görä,
Günbatarly kompaniýalar haýsydyr bir teklip hem etmändirler.
Orsýete we Ýewropa Birleşigine satmak üçin Azerbeýjanyň gazynyň ýeterlikdigine garamazdan, Nabukko proýekti we Şah deňiz ýatagy barada Ýewropa Birleşiginiň tiz wagtda gepleşikler geçirmegi zerur. “ Eger Ýewropa tijenmese, onda ylalaşygy elden gidirmegi ahmal. Azerbeýjan öz gazyny diňe Ýewropa satmagy maksat etmeýär. Men Gazpromyň häzirki ylalaşygy teklip eden we ony gazanan ýeke-täk kompaniýadygyny öwrenip, haýran galdym. Günbatarly kompaniýalar haýsydyr bir teklip hem etmändirler. Gazprom ilkinji bolup teklip edipdir ” diýip Şaban belledi.

Hazaryň statusy

Medwedew we Aliýew dagy Hazar deňziniň statusy barada ylalaşyga golaýlaşylandygyny hem aýtdylar. Iki lideriň bilelikdäki jarnamasynda “Häzaryň suwasty territoriýasyny” we “ günorta sektorlaryny” paýlaşmak barada hem gürrüň edilýär. Hazaryň statusynyň çözülmezligi Nabukko proýekti üçin başga bir potensial päsgelçilik hasaplanýar. Bu proýektiň ikinji etabynda Türkmenistandan we megerem, Gazagystandan hem-de Özbegistandan gaz satyn almak planlaşdyrylýar. Munuň üçin Transhazar turbaprowodynyň Türkmenistandan belki-de, Gazagystandan gözbaş alyp gaýtmagy we deňiz arkaly Azerbeýjana ýetirilmegi zerur. Emma, Orsýet we Eýran “tebigata zeper ýetmeginiň mümkindigi üçin” bu proýekte garşydygyny geçmişde aýtdylar.
XS
SM
MD
LG