Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ahmadinejat Libiýa saparyny goýbolsun etdi


Eýranyň prezidenti Mahmut Ahmadinejat, Afrika Birleşiginiň Libiýada geçirilýän sammitine saparyny ýatyrdy. Onuň edarasy, munuň sebäbini mälim etmändir. Ýurtda bolsa prezidentlige saýlawlardan soňky dartgynly ýagdaý dowam edýär.

Eýranyň polisiýa başlygy Ahmadi Mugaddem, bidüzgünçiliklerde 20 sany protestçiniň ölendigini, 1000-den gowrak adamynyň tussag edilendigini aýtdy.

Şol bir wagtyň özünde reformaçy kandidat Mehdi Karrubiniň “Etimad milli” diýen gazetiniň neşri hem gadagan edildi. Karrubi saýlawlaryň netijesi bilen ylalaşman gelýär we esaslandyryljak täze hökümetiň kanuny däldigini öňe sürýär.
XS
SM
MD
LG