Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýewropa Birleşigine Şwesiýa ýolbaşçylyk edýär


Şu günden başlap 6 aý möhlet bilen Ýewropa Birleşigine Şwesiýa ýolbaşçylyk edýär. Şu ýylyň 1-nji ýarymynda Çehiýa respublikasy birleşige ýolbaşçylyk etdi. Şwesiýanyň resmileri, ykdysady krizise we yklymyň üýtgemegine garşy göreşiň çuňlaşdyryljakdygyna söz berýärler.

Şwesiýanyň premýer ministri Fredrik Reinfelt, Ýewropada işsizlige garşy göreşiň hem uly möçberde alnyp baryljakdygyny aýdýar.

Ýewrokomisýanyň başlygy Barosso, Şwesiýanyň 6 aýyň dowamynda köp iş edip biljekdigini, Stokgolmdaky metbugat konferensiýasynda mälim etdi.
XS
SM
MD
LG