Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Çehiýa Ýewrobirleşigiň prezidentligini tabşyrdy


Topolanek wezipesinden çekilende, Konstitusiýa boýunça wezipeden çekliýändigim hakyndaky arzamy prezidente hödürleýärin diýip aýdypdy.
Topolanek wezipesinden çekilende, Konstitusiýa boýunça wezipeden çekliýändigim hakyndaky arzamy prezidente hödürleýärin diýip aýdypdy.

Ýewropa Birleşiginiň liderligini Şwesiýa gowşurmak baradaky simwoliki dabara, paýtagt Praganyň ortasyny kesip geçýän Wltawa derýasynda bir gäminiň üstünde geçirildi.

Birleşige ýolbaşçylyk eden döwründe, Çehiýanyň içerki syýasatynda gapma-garşylyklar emele geldi. Ahyry, premýer ministr Mirek Topolanek wezipsenden çekilmeli boldy we saýlawlara çenli hökümete Ýan Fişer ýolbaşçylyk edip gelýär.

Dabara başlanmazdan ozal, reforma boýunça Lissabon şertnamasyny tankyt edip gelýän, Çehiýanyň prezidenti Waslaw Kalusyň gelmändigine üns çekildi. Fewral aýynda Ýewroparlamentde eden çykyşynda, Klaus Ýewropa Birleşiginiň demokratiki gytçylykdan ejir çekip gelýändigini aýdanda, deputatlar protest hökmünde zaly terk edipdiler. Hudožnik Dawid Çerny hem çeken eserinde, Bolgariýany hajathana meňzedipdi. Muny Ýewropa nädip unudar? Edenine puşman bolan nakgaş bir millete dil ýetirendigine tüýs ýürekden gynandygyny aýtdy.

Näme üçin bu zatlar Çehiýanyň Birleşige ýolbaşçylyk eden döwründe ýüze çykdy? Ýurduň ozalky premýer ministri Topolanek wezipesinden çekilende, Konstitusiýa boýunça wezipeden çekilýändigim hakyndaky arzamy prezidente hödürleýärin diýip aýdypdy. Parlament onuň hökümetine ynamsyzlyk bildireninden soň, Topolanegiň ýolbaşçylygyndaky hökümet mart aýynda dargady.

Ýewropa Birleşigine ýolbaşçylyk eden döwründe, edil ABŞ-niň prezidenti Barak Obamanyň Ýewropa we Çehiýa saparynyň öň ýanynda, Topolanek Obamanyň ykdysady syýasatyny “jähenneme barýan ýol” diýip häsýetlendiripdi. Soňra ol muny bir aýdymdan eşiden sözlerine meňzeşligi bilen düşündirdi.

'Reňkli hem dürli häsiýetli'

Düýbi Britaniýadaky Çatam ylmy merkeziniň eksperti Riçard Waýtmen, Çehiýanyň birleşige ýolbaşçylyk eden döwrüniň örän reňkli hem dürli häsiýetli bolandygyny mälim edip, şol döwürde çeh hökümetiniň dargamagynyň oňyn bir waka bolmandygyny aýtdy. Ol bu meselede habar beriş serişdeleriniň käbir wakalary has çişirip görkezmäge synanşandygyny hem sözüne goşdy.

Çehiýanyň ýolbaşçylyk eden döwründe, global derejede ykdysady krizis hasam ösdi, munuň bilen birlikde Ysrayýlyň hem Gaza çozuşyna gabat geldi. Bularyň ählisi, belli bir derejede öz täsirini ýetirdi.

Britaniýaly bilermen Waýtmen, bu döwürde gazanylan käbir üstünliklere hem degip geçip, gaz babatynda Orsýet-Ukraina arasynda dörän problema sebäpli, Ýewropalylaryň gyşda ýangyçsyz galmazlygy üçin hem alada edildi diýip belledi. "Ýewropa Birleşiginiň giňemegi meselesinde, Harwatiýa bilen alnyp barylan gepleşikler kyn hem bolsa ol togadylmady."

Çehiýanyň premýer ministri Ýan Fişer bolsa, bu döwrüde gazanylan ýene bir üstünlige degip geçdi. Onuň sözlerine görä, Ýewropa Birleşigi global ykdysady krizis boýunça göreşiň çäginde diňe içerki önümçilige bil baglamagyň öňüni aldy. Maý aýynda bolsa, ozalky Sowet respubliklarynyň 6-sy bilen gatnaşyklary çuňlaşdyrmak maksady bilen, Ýewropa Birleşiginiň “Gündogar Hyzmatdaşlygy Programmasy” yglan edildi.
XS
SM
MD
LG