Sepleriň elýeterliligi

Adam gaçakçylygynda güman edilýänler tutuldy


Makedon polisiýasy adam gaçakçylygyny gurnamakda güman edilýän 12 adamy tussag etdi. Fransiýanyň AFP habarlar gullugy, Içeri işler ministrliginiň sözçüsi Iwo Kotewskä salgylanyp, tutalanlaryň Hytaýdan, Gresiýadan, Makedoniýadan we Serbiýadandygyny aýtdy. Olaryň biri polisiýa ofiseri eken. Olar hytaýly emigrantlary Serbiýanyň, Makedoniýanyň we Gresiýanyň üstünden Günbatar Ýewropa aşyrandyr diýip ynanylýar. Makedoniýa, Ýewropa Birleşigi ýurtlaryna tarap bikanun adam, neşe we ýarag geçirilýän esasy tranzit ýurt hasaplanýar.
XS
SM
MD
LG