Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbegistanyň puly 'sum' 15 ýaşady


Şasalimow: "Eger-de ýagdaý şu gidişine gitse, güýze çenli dollaryň bahasynyň 2000-3000-e çenli barmak howpy bar."
Şasalimow: "Eger-de ýagdaý şu gidişine gitse, güýze çenli dollaryň bahasynyň 2000-3000-e çenli barmak howpy bar."

1-nji iýulda özbek sumynyň dolanşyga girizilenine 15 ýyl doldy. Eýsem sumyň 15 ýyldaky ýagdaýy nähili boldy? Ol hümmetlendimi ya-da hümmetini ýitirdimi? Näme üçin?

Özbek sumy 1994 –njy ýylyň 1-njy iýulynda ulanşyga girizildi. Häzir sum Özbegistanyň milli walýutasy hasaplanýar.Özbegistanly ykdysadyýetçi Jahangir Şasalimowyň sözlerine görä, mundan 15 ýyl öň, sumyň ABŞ-niň dollaryna görä hümmeti 4 sum 50 tiýin diýip bellenipdi. Emma häzir bazarda 1 amerikan dollary 1800 özbek sumyna deň. “Diýmek Özbegistanyň sumy 15 ýylyň dowamynda 400 esse hümmetsizlendi.”

Şasalimowyň pikirine görä, ýurtda nädogry syýasat ýöredilendigi üçin haryt we sum gatnaşyklary sandan çykypdyr. Adamlar özleriniň Sowet döwründen galan bank hasabyndaky pullaryndan mahrum bolupdyrlar. Halk hojalygynyň ähli pudaklary - oba hojalygy bolsun, söwda, senagat bolsun - özleriniň hasabyndaky pullaryndan mahrum bolupdyrlar. “Özbegistanyň halk hojalygyna ýetirilen zyýanyň hetdi-hasaby ýok. Betbagtçylygyň ikinji tarapy şol ýetirilen
Özbegistanyň sumy 15 ýylda 400 esse hümmetsizlendi.
zyýan barasynda hiç kim hiç zat diýmeýär.”

Ykdysadyýetçiniň sözlerine görä, dünýä maliýe krizisi döwründe hem Özbegistanyň içerki haryt dolanşygy 7 % ösdi diýip maglumat beripdirler. “Ýurtda beýle ösüş bolanda, özbek sumy hümmetsizlenmezdi. 1 amerikan dollaryna görä özbek sumy 1800 däl-de 1200 düşerdi.”

Jemgyýeti öwreniji Kamron Aliyewiň pikirine gorä, her bir döwlet öz walýutasynyň durnukly bahada saklanmagyny, inflýasiýa bolmazlygyny, mümkinçiligi bolanda beýleki ýurtlarda hem ol walýutanyň arkaýyn kabul edilmegini isleýär. “Emma bu gowy niýetler mydama amala aşmaýar.”

Onuň sözlerine göra, sumyň döwlet kursy bilen gara bazar kursynyň arasyndaky tapawut 20 % den köpräk. Respublikada inflýasiýa derejesi ýokary. “Inflýasiýanyň derejsiniň ýokarda bolmagy, daşary ýurt inwestorlaryna Özbegistanyň ykdysadyýetine pul ýatyrmaga şübhe döredýär. Ýurtda ykdysadyýetiň ösmegine ýol bermeýär.”

Inflýasiýanyň öňüni almak üçin näme etmeli?

Şasalimowyň pikirine görä syýasy we ykdysady sistemany üýtgetmeli. “Özbegistana Hytaýdan we beýleki ýurtlardan örän köp harytlar getirilýär. Harydy daşardan getirmän, ýurduň özünde öndürmeli. Ýurtdaky zawod fabrikleri işletmeli” diýip ykdysadyýetçi Şasalimow belleýär.“Eger-de ýagdaý şu gidişine gitse, güýze çenli dollaryň bahasynyň 2000-3000-e çenli barmak howpy bar. Häzirki günde, Özbegistanda plastik kartoçkalardan pullar berilmeýär. Adamlar banka goýan pullaryny alyp bilmän ýörler.”

Kamron Aliýewiň sözlerine görä, infliýasiýanyň öňüni almak juda kyn mesele. “Islendik döwletde inflýasiýanyň öňüni almak üçin göreş alnyp barylýar. Emma bu şol döwletiň ýa-da ykdysadyýeti dolandyrýan strukturalaryň elinden gelmeýär. Özbegistan barada aýdylanda, ol ilki bilen özüniň ýerli senagatyny ösdürmeli. Daşary yurtlardan getirilýän harytlaryň mukdaryny azaltmaly.”

Adynyň tutulmagyny islemedik Özbegistanyň milli bankynyň bir işgäri bolsa, özbek sumynyň 1994 –njy ýylda ulanyşyga girizilende, ondan garaşylan umytlaryň doly hasyl bolandygyny, sumyň döwlet ykdysadyýetiniň aýrylmaz bir bölegine öwrülendigini mälim etdi. Ol sumyň döwletiň içinde we bütin dünýäde öz ornuny tapandygyny aýdýar.
XS
SM
MD
LG