Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

'Türkmenistanyň bilim sistemasynda anyk işler zerur'


Narodetski: "Bu ýerde jemgyýetiň bilim gurluşlaryny dikeltmek programmasy boýunça anyk hem netijeli işleri çalt geçirmek gerek."
Narodetski: "Bu ýerde jemgyýetiň bilim gurluşlaryny dikeltmek programmasy boýunça anyk hem netijeli işleri çalt geçirmek gerek."

Geçen dynç alyş günleri, bilim problemalary boýunça ýene bir türkmen forumy tamamlandy. Konferensiýanyň ady döwlet baştutanynyň peýdasyna, göwnünden turaýjak şekilde. “Prezident- ylmyň we bilimiň howandary”.

Munuň netijesi nähili bolmagy mümkin? Bilim sistemasynyň aşaky gatlaklaryndaky býurokratlaryň we çinownikleriň derejesinde, Berdimuhamedowyň ähli howandarlygy çym-pytrak bolup, dargap gitmese ýagşy. Sebäbi ýerlerdäki, etrap, şäher derejesindäki bilim edaralarynyň ýolbaşçylarynyň aglabasy Nyýazowyň betbagtçylykly ýyllary gullukda bolan, kök uran hem-de wezipe edinen adamlar. Hut şol adamlaryň köpüsi bilim sistemasyny doly ýok etmäge gatnaşan, ýardam eden adamlar. Olar bu ugry Nyýazowyň görkezmesi bilen şeýle bir elhenç, şol bir wagtda-da gülkünç ýagdaýa saldylar.

Ýokary okuw jaýlarynyň mugallymlaryndan, mekdep mugallymlaryndan ençemesi diktatoryň hyjuwly konsultanty - maslahat berijisi bolupdy. Olar ruhy nähoş Nyýazowyň göwnüni awlamak, ýüreginden turmak üçin haýsy sapaklary sanawdan aýyrmagy, haýsy hünärleri ýok etmegi maslahat berip, ylymlaryň haýsy ugurlarynyň gerekdigini, haýsylarynyň halk üçin onçakly zerur däldigini aýdypdylar.

Nyýazowyň töwereginde çemeçiller, iki bükülip duran ýaranjaňlar armiýasy bardy. Başynyň özi bilen deň derejede şol adamlaram Türkmenistanyň ylymlar akademiýasynyň dargadylmagy üçin jogapkärçilik çekmeli. Ýa olar birdenkä ýok bolup ötägitdilermikä? Onýyllyklaryň dowamynda Nyýazow hem onuň töweregindäkiler tarapyndan küli çykarylan bilim sistemasynyň köp adamly apparatyny sanalgy ýylda täze türkmen häkimiýetleri çalşyp ýetişmedik bolsa gerek.

Konferensiýa gatnaşyjylar “bilim we ylym boýunça prezidentiň reformatiki syýasatyny bir agyzdan goldaýandyklaryny” aýdypdyrlar. Olar “düýpli öwrülişikleri amala aşyrmak üçin güýç-gaýratyny aýamajakdyklaryna ynandyrypdyrlar”. Ýurtda häkimiýet çalşaly bäri täze özgerişler ideýasyna wepalylygyny aýdyp, döşüne kakan köne çinowniklerem az däl, emma biraz wagt geçenden soň welin olar kyn ýagdaýa düşdüler. Tabşyrylan işiň hötdesinden gelip bilmedik çinownikler bilen hut prezidentiň özi düşünişmeli bolupdy. Olaryň boş wadalarynyň, gözüni gyrpman sözleýän ýalanlarynyň garşysyna berk çäreler görmeli bolupdy. Diňe prezidente wepalylyk bilen uzak menzil aşmarsyň. Onda-da bilim sistemasynda.

Bu ýerde jemgyýetiň bilim gurluşlaryny dikeltmek programmasy boýunça anyk hem netijeli işleri çalt geçirmek gerek. Ozaly bilen Ruhnama derdinden aýňalmak, saplanmak boýunça sistema zerur. Şol dert jemgyýet üçin awy bolup, jemgyýete zerur zatlaryň köpüsini zäherläpdi. Adamzady sagdynlaşdyryjy, onuň gözüni açyjy baş kitap hökmünde ýakyna çenli Ruhnamany öwüp, goldap, agzyny köpürjikledip gürlän adamlaram bilim boýunça geçirilen konferensiýanyň işine gatnaşdymyka? Şol adamlar täze reformada özlerini nähili duýýarkalar? Eger reformalary amala aşyrjaklar ruhy taýdan nähoş Nyýazowyň egindeşleri boljak bolsa, ol reformalardan nämelere garaşyp bolar? Nyýazowyň mikrorblary onuň jesedi bilen ahyrky öýüne gidip bilmez. Şol nejis mikroblar köp adamyň aňyna ornaşdy, Şol adamlar türkmeniň geljeginem kesgitläp bilmez, ony döredibem bilmez.

Aleksandr Narodetski post-Sowet döwletleri boýunça Britaniýaly bilermen. Şu kommentariýada öňe sürülen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG