Sepleriň elýeterliligi

ÝB – Türkmenistan adam hukuklary meselesine garady


Ýewropa Birleşigi türkmen wekilleri bilen geçiriljek duşuşyklarynda, adam hukuklary meselesini ünsden düşürmejekdigini aýdýar.

Ýewropa Birleşigi türkmen wekilleri bilen geçiriljek duşuşyklarynda, adam hukuklary meselesini ünsden düşürmejekdigini aýdýar.

Ýewropa Birleşigi bilen türkmen wekilleriniň arasynda adam hukuklary boýunça ýola goýlan we 2009-njy ýylyň 30-njy iýunynda ikinji tapgyry geçirilen gepleşikler, 2008-nji ýylyň iýun aýynda başlady.

Ýewropa Birleşigi tarapyndan ýaýradylan maglumata görä, Brýusselde geçirilen bu gepleşikler, konstruktiw ýagdaýda ýola goýlupdyr. Onuň geljekki tapgyry bolsa 2010-njy ýylda Aşgabatda bolar.

Bu duşuşykda, türkmen delegasiýasyna ýurduň Daşary işler ministriniň orunbasary Hajyýew bilen prezidentiň ýanyndaky Demokratiýa we Adam Hukuklary Boýunça Institutyň ýolbaşçysy Şirin Ahmedowa ýolbaşçylyk edipdir.

Ýygnak şol mahal Ýewropa Birleşigine ýolbaşçylyk eden Çehiýanyň ýolbaşçylygynda amala aşyrylyp, Gabriela Dlouha bu ýurdyň delegasiýasyna ýolbaşçylyk etdi. Ol bu ýygnak barada Azatlyk radiosyna beren interwýusynda, türkmen wekilleriniň öňünde ençeme meseleleriň goýulandygyny mälim etdi.

Gürrüň edilen meseleler

Gabriela Dlouhanyň aýtmagyna görä, bular, metbugat, söz we dini azatlyklar, türmeleriň ýagdaýy, gynamalar, täze partiýalary döretmek meselesi we jemlenişmek hukugy, graždan jemgyýetçiligi we hereket etmek azatlygy, adalat sistemasynyň erkinligi ýaly meselelerden ybaratdyr.

Çehiýanyň Daşary işler ministrliginiň adam hukuklary we geçiş sýyasaty boýunça departamentiniň ýolbaşçysy wezipesini ýerine ýetirýän Gabriela, ýygnagyň umuman pozitiw ýagdaýda geçendigini aýtdy. Çehiýaly wekil, bu duşuşukda türkmen wekillerine anyk wakalardan ybarat sanawyň hem tabşyrylandygyny mälim edip, munuň käbir sýyasy tussaglaryň ykbalyny hem öz içine alýandygyny aýtdy emma bu barada anyk maglumat bermekden saklandy.

Türkmen resmileri bilen pikir alyşmazdan bir gün öň, ÝB resmileri Ýewropada adam hukuklary boýunça hereket edýän käbir türkmen guramalarynyň wekilleri bilen hem duşuşyk geçiripdir.

Ädimler ýeterlikmi?

Bu duşuşyga gatnaşmasa-da, Ýewropada hereket edýän şeýle guramalardan biri hem Farit Tuhbatuliniň ýolbaşçylygyndaky Adam Hukuklary boýunça Türkmen Inisiatiwasy toparydyr. Farit bu hili aladalaryň berjek netijesiniň nähilidigine garamazdan, munuň gowy hereketdigini mälim edip, Türkmenistanda adam hukuklary meselesinde düýpli ösüşiň bolandygyny aýtmaga heniz doly esasyň ýokdugyny aýtdy, emma käbir pozitiw ädimleriň ädilendigini hem belledi.

“Mysal üçin, ýurduň içinde bir ýerden beýleki ýere gitmek ýeňilleşdi, ençeme ýyllar bäri adam hukuklaryny goraýan guramalaryň azatlyga çykarylmagyny talap edýän käbir adamlar türmeden boşadyldy, kanunçylyk ugrundan bir näçe reforma işleri yglan edildi” diýip Farit Tuhbatulin aýtdy.

Farit, aýratyn hem Türkmenistanda alnyp barylýan bu hili aladalaryň bulardan aňry geçmändigine we Berdimuhamedow häkimiýet başyna geçenden soň adam hukuklary bilen baglanşykly ýagdaýlaryň düýpli özgerendigini aýtmaga esasyň ýokdugyna, käbir ýewropaly wekilleriň hem göz ýetiriýändigini nygtady.

Ýewroparlament çynlakaý çemeleşýär

Bu hili wekillerden biri hem, Ýewropa parlamentinde Sosial Demokrat partiýasynyň metbugat wekili Ýan Marinus Wiersmadyr. Ol ýakynda Azatlyk radiosynyň türkmen gullugyna beren gürrüňinde, Türkmenistanda käbir özgerişlikler bolup geçdi, Türkmenbaşynyň döwri bilen deňeşdirilende ýurtda belli bir derejede aç-açanlyk emele geldi diýip aýtdy. “Emma muňa garamazdan howatyrlanmalar hem gaty köp. Biz bu ýurtda ençeme ugurlarda ösüşleriň bolmagyna garaşýarys, olardan käbirleri söz we metbugat azatlygy, täze partiýa döretmek we hereket etmek azatlygydyr. Biz şunuň ýaly ugurlarda ösüşiň bolmagy üçin, geljek ýyllaryň dowamynda aladalaryny dowam etdirmegini Ýewropa Birleşiginden talap edýäris.”

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan bilen wagtlaýyn söwda aragatnaşygyny ýola goýmak baradaky karar, mundan öň ençeme gezek yza süýşürilenden soň, ýakynda Ýewropa Parlamentinde kabul edilipdi. Bu taslama parlamente hödürlenende, bu ugurda bolan esasy diskusiýalardan biri hem, Türkmenistanda adam hukuklarynyň ýagdaýy bilen bagly bolupdy. Şol çekeleşiklerde, käbir ýewropaly deputatlar, şol sanda Ýan Marinus Wiersma, Türkmenistanda bu ugurda ösüşiň bolmadyk halatynda bu şertnamanyň ýatyrylmalydygyny aýdyp çykyş edipdi.

Ýewropa Birleşiginiň wagtlaýyn ýolbaşçysy wezipesini eýelän Şwesiyanyň, adyny tutylmagyny islemedik ýokary derejeli bir diplomaty, bu ýurduň Ýewropa Birleşigine ýolbaşçylyk etjek döwründe, adam hukuklary meselesiniň ilkinji orunda goýulmagy ugrunda tagalla etjekdigini aýtdy.

Her näme-de bolsa, Ýewropa Birleşigi beýleki meseleler bilen bir hatarda, türkmen wekilleri bilen geçiriljek duşuşyklarynda adam hukuklary bilen bagly ýagdaýlary, mundan beýläk hem ünsden düşürmejekdiklerini aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG