Sepleriň elýeterliligi

Bilim: problemalar, sebäpler we çykalgalar


Erol: "Ýurtda hereket edýän häzirki bilim sistemasy, täze kadrlaryň ýetişmeginiň hem öňüne böwet bolýar."

Erol: "Ýurtda hereket edýän häzirki bilim sistemasy, täze kadrlaryň ýetişmeginiň hem öňüne böwet bolýar."

Iýul aýynyň başy, Türkmenistanyň bilim pudagynda iň uly aladalaryň başlanýan döwri. Ýagny edil şü günlerde her ýyl müňlerçe okuwçy orta mekdepleri tamamlap, ýokary okuw jaýlaryna girmäge ekzamenlere taýýarlyk görmäge başlaýarlar.

Bu ýyl orta mekdeplerini tamamlaýan okuwçylaryň sany barada henize çenli doly maglumat berilmedi. Emma 2008-nji ýylda bu san 110000 çemesi bolupdyr. Şu ýyl şol okuwçylardan näçesiniň ýörite ýa-da ýokary okuw jaýlaryna kabul ediljekdigi barada häzirlikçe anyk maglumat ýok.

2008-njy ýylyň Iýun aýynyň 23-ne Türkmenistanda ýokary okuw jaýlaryna kabul ediljek studentleriň sany barada ýurduň bilim ministri prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa beren hasabatynda, “Häzirki döwürde ýurdumyzda jemi 18 sany ýokary okuw jaýy bar, şolardan 15 sanysy bilim ulgamyna degişli okuw jaýlarydyr, galany bolsa harby okuwlardyr” diýip maglmumat beripdi. “Şol 15 sany ýokary okuw jaýlaryna, siziň rugsat bermegiňiz boýunça döwletimiziň raýatlaryndan 4940 sany student okuwa kabul ediler.”

Esasy problemalar

Türkiýeli bir uniwersitet mugallymynyň aýtmagyna görä, bu pudak bilen bagly esasy problemalardan biri hem gözegçilik sistemasydyr. Onuň aýtmagyna görä, Türkmenistanda bilim pudagy heniz hem Sowet düzgüni esasynda dolandyrylýar.

Ankarada ýerleşýän Gazi uniwersitetiniň halkara gatnaşyklar bölüminiň professory we bir näçe ýyl Türkmenistanda ýaşan professor Mehmet Seýfettin Erol, Sowet Soýuzy döwründe döwlet sýyasatyny propaganda etmek maksady bilen bilim sektoryndan peýdalanylandygyny aýdyp, türkmen ýolbaşçylary bu pudagy ösdürjek bolsalar gözegçiligi aýyryp oňa erkinlik bermeli diýip belledi. Erkinlik barada gürrüň edilmese-de, bu ýurtda berilýän bilimiň hili barada diňe halk däl, döwlet ýolbaşçylary hem yzygiderli aladalanýandyklaryny beýan edip gelýärler.

Bilim pudagyny tutuşlygyna çökerenlikde aýyplanýan öňki Prezident Saparmyrat Niýazow hem bilimiň derejesiniň pesliginden mydama şikaýat edip, bu pudakda parahorlugyň hem aşa ornaşandygyny aýdyp geldi.

Nyýazowyň ornuna häkimiýet başyna geçen Gurbanguly Berdimuhamedow hem, bu barada şikaýat edip gelýar. Ol 2007-njy ýylyň dekabrynda eden çykyşynda, ylym, bilim we saglygy goraýyş boýunça edilýän işler hem gaty bärden gaýdýar, biz ylymlar akademiýasyny döretdik, entek göze görnüp duran iş ýok diýip belläpdi.

Aradan iki ýyl töweregi wagt geçdi. 2009-njy ýylyň 12-nji iýunda eden çykyşynda, Berdimuhamedow bu pudak boýunça alnyp barylýan işlerden ýene nägilelik bildirip, “Ylym biziň durmuşymyzdan, jemgyýetimiziň ösüşinden we talaplaryndan yzda galýar. Aýratyn hem biziň ýurdumyzy ösdürmek baradaky uzak möhletli maksatnamalarymyzy amala aşyrmakda düýpli ylmy esaslaryň ýokdugyny, olaryň entäk işlenip düzülmändigini aýratyn nygtasym gelýär” diýip belledi.

‘Sistema günäkär’

Türkiýeli ekspert Seýfettin Erol, hökümet ýolbaşçysynyň tabşyryklaryna garamazdan ýagdaýyň üýtgemezliginiň sebäbiniň kiçi derejeli ýolbaşçylarda däldigini we bu meselede sistemanyň günäkärdigini aýtdy. Onuň aýtmagyna görä, ýurtda hereket edýän häzirki bilim sistemasy, täze kadrlaryň ýetişmeginiň hem öňüne böwet bolýar, bu bolsa ýurtda kadr ýetmezçiligini emele getirýär. Biziň bilen söhbetdeş bolýan synçylaryň aglaba bölegi hem bilim pudagynyň gözgyny ýagdaýda bolmagynyň sebäpleriniň biriniň, şu mesele bilen baglydygyny aýdýarlar.

Sýnçylaryň aýtmagyna görä, kadr ýetmezçiligi elbetde islendik pudagyň ösmegine böwet bolýan mesele. Bu hem öz nobatynda ýurduň ýokary okuw jaýlarynda berilýän bilimiň hiline erbet täsirini ýetirýär. Şunlukda, bu ýagdaý studentleri döwrebap bilim almak üçin daşary ýurtlara gitmäge mejbur edýär. Olar üçin iň elýeterdäki ýurtlardan biri bolsa Gyrgyzystandyr.

Gyrgyzystanda 6 müňden gowrak türkmen studenti bar


Gyrgyzystanyň bilim ministrliginiň professional bilim boýunça bölüminiň ýolbaşçysy Sadykow Kanat Jelilowiçiň bize beren maglumatynda aýtmagyna görä, geçen ýyl Bişkekde ýerleşýän ýokary we ýörite okuw jaylarynda okaýan türkmenistanly studentleriň sany 4 muň töweregi bolup, bu ýyl 6000-den hem geçipdir. Emma resmi bolmadyk maglumatlara görä, Gyrgyzystanda bilim alýan türkmen studentleriniň sany 10 000 töweregidir. Türkmen ýolbaşçylary bolsa, 2008-njy ýylda daşary ýurtlarda okaýan türkmen studentleriniň sanynyň 2200 töweregi bolandygyny habar berýärler.

Ýkdysady taýdan has yzda bolmagyna garamazdan bilim almak üçin türkmen studentleriniň Gyrgyzystany saýlamaklarynyň sebäbi, diňe bu ýurtda ýerleşýän ýokary okuw jaýlarynda berilýän bilimiň hiliniň ýokary bolmagy bilen çäklenmän, eýsem bu ýurtda hereket edýän ýokary okuw jaýlarynyň sanynyň hem köp we bahasynyň bolsa elýeterli bolmagydyr.

Ady agzalýan gyrgyz ýolbaşçysy, diňe Bişkekde hereket edýän ýokary okuw jaylarynyň 26 sanydygyny mälim edip, olaryň ençemesiniň hususy eýeçilikde hereket edýän uniwersitetlerdigini nygtaýar. Tutuş Türkmenistanda hereket edýän ýokary okuw jaylarynyň sany 18 bolup, bu ýurtda Gyrgyzystandaky ýaly hususy ýokary okuw jaylarynyň açylmagyna heniz rugsat edilmän gelýär.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG