Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Nobel baýragynyň eýesi Ebadi BMG-ä ýüzlenýär


Eýranly Nobel baýragynyň eýesi Şirin Ebadi, BMG-niň baş sekretary Ban Ki-muny, Eýranda iýunda geçen dawaly prezident saýlawlaryndan soňky hukuk bozulmalaryny derňeýän şahsy wekilini bellemäge çagyrdy. Wekil bellenmegine çagyrylýan hata Ebadi bilen bile hukuk toparylary, adam hukuklaryny goraýan halkara federasiýasy we adam hukuklaryny goramak boýunça Eýran ligasy hem gol çekdi.

BMG-niň sözçüsi bu hatyň Banyň edarasyna gowşandygyny tassyk etdi. Eýranda howpsuzlyk güýçleriniň 12-nji iýunda geçen saýlawlaryň prezident Mahmut Ahmedinejadyň haýryna galplaşdyrylandygy üçin protest çykan adamlara garşy güýç ulanmagyny ýazgaran halkara synçylarynyň arasynda BMG-niň baş sekretary hem bardy.

Eýranyň döwlet eýeçiligindäki metbugaty bu wakalar bilen 20 admyň ölendigini aýtdy. Eýran häkimiýetleri saýlaw adalatly geçdi diýýärler.
XS
SM
MD
LG