Sepleriň elýeterliligi

Owganystanda uly derejeli britan harbysy we amerikan esgeri öldürildi



Owganystanda uly derejeli goşun ofiseri we bir amerikan esgeri öldürildi. Başga bir amerikan esgeri bolsa jeňçiler tarapyndan tutulandyr öýdülýär. Britaniýanyň Goranmak ministrligi polkownik Rupert Sornelonyň we bir britan esgeriniň 3-nji gün Helmand welaýatynda maşynlary bombanyň üstünden baryp, wepat bolandyklaryny aýtdy.

Birleşen Ştatlaryň deňiz goşunlary bolsa bir esgerleriniň ölüp, birňeçesiniň ýaralanandygyny aýtdy. Amerikan deňiz goşunlarynyň 4000 çemesi düýn Helmand welaýatynda Talyplara garşy hüjüme başlapdy. Şonuň ýaly-da ABŞ-niň harbylary Paktika welaýatynda bir esgeriň ýitendigini aýtdy. Ol jeňçiler tarapyndan tutulandyr öýdülýär.
XS
SM
MD
LG