Gürjü metbugaty bir rus esgeriniň Günorta Osetiýadaky postuny terk edip, Gürjüstandan oturym soraýandygyny habar berdi. Gürjüstanyň Rustawi –2 telekanalynda görkezilen rus esgeri Dmitriý Artýemow Günorta Osetiýadan Perewi obasyndaky barlag nokadynyň üsti bilen gaçandygyny aýtdy. Ol özüne komandirleriniň bikanun daraşandygyny we şu sebäpden Gürjüstandan oturym soramagy planlaşdyrandygyny gürrüň berdi. Fransiýanyň AFP habarlar gullugy rus resmileriniň bu habary tassyklandygyny, ol esgeriň gaçgaklykda we öz tüpeňini ogurlamakda aýyplanandygyny ýazýar
Iň köp okalan
1