Sepleriň elýeterliligi

Ispan polisiýasy 7 tonna gaşiş bilen 17 adamy tutdy


Ispan polisiýasy Huelwa welaýatynda ýanwar aýynda başlan anti-neşe operasiýasynda 17 adam bilen 7 tonna golaý haşişi ele salandygyny aýtdy. Polisiýa bu operasiýanyň iki bölekden ybarat bolandygyny aýdýar. Operasiýanyň birinji bölegi ýanwar aýynda, 8 adamyň we 5 ýarym tonna gaşişiň tutulmagy bilen amala aşyrylypdyr. Operasiýanyň ikinji bölegi geçen aýda amala aşyrylyp, 9 adamyň hem 1.3 tonna neşäniň tutulmagy bilen soňlanypdyr. Iki operasiýada hem neşe söwdagärleri deňizde, neşe maddalaryny uly gämilerden kiçi gaýyklara geçirýän pursatlarynda ele salnypdyr.
XS
SM
MD
LG