Sepleriň elýeterliligi

Britan ilçihanasynyň Tährandaky işgärleri aýyplandy


Bidüzgünçiliklerde dahylly bolmakda aýyplanyp tussag edilen Britaniýanyň Tährandaky ilçihanasynyň işgärleriniň aklawçysy Horramşahynyň aýtmagyna görä, öz müşderilerine, ýurduň milli howpsuzlygyna wehim salanlykda häkimiýetler tarapyndan günä bildirilýär.

Ilçihananyň syýasy analitik bölüminiň başlygy Huseýin Rasam Ewin türmesinde saklanýar we ol tizlikde suda çagyryljak.

Britaniýanyň Daşary işler ministri Dawid Miliband, ilçihananyň işgärlerine ýöňkelýän aýyplamanyň aýdyňlaşdyrylmagyny Tährandan soraýar hem-de olaryň bikanun işe baş goşmandygyna ynanýandygyny mälim etdi.
XS
SM
MD
LG