Sepleriň elýeterliligi

Eýrandaky wakalar hakimiýet ugrundaky göreşiň başlangyç tapgyrymy?


(Sagdan-çepe) Eýranyň ýokary derejeli dini lideri Aýatolla Ali Hameneýi, Ekspertler Assambleýasynyň ýolbaşçysy Ali Akber Haşemi Rafsanjany, Parlamentiň ýolbaşçysy Aly Larijani. Tähran, 2008 ý.

(Sagdan-çepe) Eýranyň ýokary derejeli dini lideri Aýatolla Ali Hameneýi, Ekspertler Assambleýasynyň ýolbaşçysy Ali Akber Haşemi Rafsanjany, Parlamentiň ýolbaşçysy Aly Larijani. Tähran, 2008 ý.

Ýakynda Eýranda, Yslam rewolusiýasyndan bärdäki iň uly gozgalaňlar bolup geçdi. Emma ýakyn geljekde Yslam respublikasy has agyr krizis bilen ýüzbe-ýüz bolar.

Eýranda prezidentlik saýlawlaryndan soňra dörän ýagdaý we ýokary derejeli dini lider Aýatolla Ali Hameneýiniň Ahmedinejady goldap çykyş etmegi, onuň bitaraplyk statusyny hem sorag astyna goýdy. Ýurduň görnükli ruhanylary, tarapgöýlik edenlikde Hameneýini tankyt etdiler. Ýaýran käbir myş-myş habarlara görä, dörän bu ýagdaýda onuň ikinji ogly Mujtabanyň rolunyň bardygy aýdylýar.

Dini lideriň saglyk ýagdaý bilen bagly hem käbir gürrüňler ýaýrady. Bu gürrüňiň ýaýramagyna, onuň 19-njy iýundaky Juma namazynda eden çykyşy sebäp boldy. Hameniýi şol hutbada, “Meniň saglyk ýagdaýym onçakly gowy däl, ejiz tenim bar. Bar bolan şu birazajyk abraýy hem siz maňa berdiňiz, bularyň ählisini rewolusiýa we Yslam ýolunda goýaryn” diýip nygtady.

Ol şol çykyşynda, köçelerde dörän bidüzgünçilige we ölüm-ýitime oppozisiýa jogapkär diýip duýduryş berdi. Halk arasynda onuň rak keselinden ejir çekýändigi aýdylýar.

Hameneýiniň berk we ylalaşyksyz doktrinany goldamagy, onuň reforma tarapdary ruhanylar bilen arasynyň açylmagyna sebäp boldy. Indi onuň ornuna geçip biljek adam hakynda oýlanylýar.

Ikinji front

Eýranyň ýokary derejeli dini liderini, 86 adamdan ybarat “Hobregan”, ýagny ekspertler assambleýasy belleýär. Bu assambleýa, hem konserwator hem-de reformaçy ruhanylar agza bolup durýar. Saýlanan adamynyň wezipesini ýerine ýetirip bilmejekdigine göz ýetirilse, onuň ýerine başga birini saýlamaga bu assambleýanyň hukugy bar. Bu geňeşe, aramçyl syýasaty bilen tanalýan ruhany Ali Akber Haşemi Rafsanjany ýolbaşçylyk edýär. Ozalky prezident Rafsanjanynyň, reformaçy kandidat Musewini maliýe tarapdan goldandygy hem öňe sürülýär.

Ýurtda berk we ylalaşyksyz doktrinany goldaýan dini toparyň, bu barýan prossese berk gözegçilik edip bilmejekdigini aýdýanlar hem bar. Ýöne olar geçen 4 ýyldan bäri, hem metjitde köpçülikde durmagy başardylar hem-de hökümet ýolbaşçysyny özlerine görä saýlap bildiler. Berk we ylalaşyksyz doktrinanyň tarapdary ruhanylar, Hameniýiniň ogly Mujtaba we Ahmedinejad bilen gatnaşyk saklap, olar bilen hyzmatdaşlyk edip gelýärler.

Hiç-hili resmi wezipesi bolmadyk Mujtaba, kakasy bilen duşuşmakçy bolýanlara araçylyk edip gelýär. Onuň dini lideriň edarasy bilen käbir taraplaryň arasyna goşulýandygy we hereketleri belli bir tarapa gönükdirmekde güýçli rol oýnaýandygy hem aýdylýar.

2005-nji ýyldaky prezidentlige saýlawlarda Ahmedinejadyň ýeňiş gazanmagynda hem Mujtabanyň rol oýnandygy öňe sürülýär. Şol wagt Ahmedinejad, ýurt möçberinde onçakly tanalýan bir şahsyýet bolman, Tähranyň meri bolup işleýärdi. Onuň geçen 4 ýylyň dowamynda alyp baran radikal özgerişlerine bolsa, ýokary derejeli dini lider Hameneýi goldaw berip geldi.

Ahmedinejad-Mujtaba ýaranlygy

Ahmedinejad Mujtabanyň potensial ýarany bolup gelýär. 40 ýa-da 50 ýaşlaryndadygy aýdylýan Mujtaba, kakasyndan hem beter berk we ylalaşyksyz doktrinany goldaýar. Hatta käbir meselelerde kakasyny gerekli ugra gönükdirmegi hem başarýar.

Wasingtondaky Enterpraýz institutynda işleýän eýranly analitik Ali Alfoneh, Hameneýiniň öz ornuna ogly Mujtabany geçirmäge niýetiniň bardygy hakynda gep-gürrüň ýaýrap gelýär diýip belleýär. “Bu barada ylaýtada-da 2005-nji ýyldaky saýlawlardan soň, kandidat Mehdi Karrubi şeýle gürrüňi ýaýratdy we Rafsanjany hem gytaklaýyn şu äheňde belläp geçdi. Şonda Mujtabanyň, Refsanjanynyň ýeňiş gazanmagynyň öňüni alandygy aýdylýar.”

Ýöne Alfoneh, ogly Mujtabany öz ýerine geçirmek Hameneýi üçin aňsat bolmasa gerek diýip belleýär. Munuň üçin, başga-da belli-belli ruhanylaryň goldawynyň gerek boljakdygy aýdylýar. Indi ýokary derejeli dini lideriň kim boljakdygyna alada bildirýän berk we ylalaşyksyz doktrinanyň tarapdary ruhanylar Mujtabany goldaýar. Ýöne onuň kakasynyň ýerine geçmegi aňsat iş däl.
XS
SM
MD
LG