Sepleriň elýeterliligi

Päkistanyň söweş uçarlary harby operasiýa etdiler


Ýekşenbe güni Päkistanyň söweş uçarlary ýurduň demirgazyk-günbataryndaky talyp söweşijileriniň ýerleşýän pozisiýalary diýlip çaklanylýan ýerlere hüjüm etdiler.

Päkistanyň howpsuzlyk gullugynyň resmileri Demirgazyk Weziristan regionyndaky obalardan ikisinde geçirilen bu hüjümleriň barşynda azyndan bäş adamyň ölendigini habar berdiler. Ýöne ölenleriň parahat ilatyň wekillerimi ýa-da söweşijilerdikleri barada anyk maglumat alynmady.
XS
SM
MD
LG