Sepleriň elýeterliligi

Eýranda Britan ilçihanasynyň tussag edilen ýene biri işgäri goýberiler


Tähranda Britan ilçihanasynyň tussag edilen 9 işgärinden 8-njisiniň azatlyga goýberilerine garaşylýar. Olar ýakyynda Eýranda geçirilen prezident saýlawlaryndan soňky bidüzgünçiliklere gatnaşmakda aýyplanýar. Britan ilçihanasynyň baş syýasy analitigi, Eýranyň graždany Huseýin Rassam tussag astynda galýar.

Beýik Britaniýa öz ilçihanasynyň eýranly işgärleriniň tussag edilmegine çürt-kesik protest bildiripdi, hem-de bikanun işlere olaryň gatnaşygynyň ýokdugyny aýdypdy. Londona bu meselede Ýewropa liderleri hem raýdaşlyk bildirýärler.
XS
SM
MD
LG