Sepleriň elýeterliligi

ÝB Eýranda 20 adamyň jezalandyrylyp öldürilmegini ýazgardy


Ýewropa Birleşigi, neşe söwdasynda aýyplanyp, ýakynda Eýranda 20 adamyň jezalandyrylyp öldürilmegini ýazgardy.

Häzir Ýewropa Birleşigine başlyklyk ediji Şwesiýanyň Ýekşenbe güni ýaýradan beýannamasynda, ölüm jezasyny ýatyrmaga ýa-da oňa gadaganlyk girizmäge Eýran häkimiýetlerine çagyryş edildi.

Şu ýyl Eýranda 161 adam öldürildi. Adam hukuklaryny goraýjylaryň maglumatyna görä, geçen ýyl 246 adam öldürildi.

Jezalandyryp öldürmek boýunça Eýran dünýäde Hytaýdan soň ikinji orny eýeleýär.

XS
SM
MD
LG