Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-niň prezidenti Barak Obama Moskwa gelýär


Şu gün ABŞ-niň prezidenti Barak Obama, resmi sapar bilen Moskwa gelýär. Saparyň programmasynda Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedew hem-de premýer ministr Wladimir Putin bilen gepleşikler bar.

Taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýagdaýyny, möhüm halkara problemalaryny, Eýrandaky, Owganystandaky, Demirgazyk Koreadaky ýagdaýlary hem-de energiýa howpsuzlygyny maslahatlaşar.

Gepleşikleriň baş temalarynyň biri, strategiki hüjüm ediji ýaraglary çäklendirmek boýunça täze ylalaşyga taýýarlyk meselesi bolar.

Moskwa saparynyň dowamynda, Barak Obama Orsýetiň oppozisiýa wekilleri bilen duşuşmagy hem planlaşdyrýar.
XS
SM
MD
LG