Sepleriň elýeterliligi

Türkmen-amerikan gatnaşyklary nämelerde görner, nähili alnyp barylar?


Narodetski: "ABŞ, ýurdy üýtgedip gurmagyň demokratiki planlaryny aktiw durmuşa geçirmäge Türkmenistany yzygiderli çagyryp gelýär."

Narodetski: "ABŞ, ýurdy üýtgedip gurmagyň demokratiki planlaryny aktiw durmuşa geçirmäge Türkmenistany yzygiderli çagyryp gelýär."

Geçen hepdäniň bäşinji güni, Türkmenistanyň Ministrler Kabineti, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ABŞ-na sapary bilen bagly türkmen-amerikan gatnaşyklarynyň ösüşi meselesine seretdi. Resmi maglumatlara görä, taraplaryň ikisi hem aktiwleşmäge taýýar.

Bolmagy mümkin geljekki bilelikdäki proýektler barada häzirlikçe anyk maglumatlar ýok. Umumy meýiller barada beýannamalar bar. Olar haýsy ugurlarda özüni görkezer? Bu tiz wagtda belli bolmasa gerek. Ýöne şol prosessi süýndirmegiň Türkmenistan üçin hem, ABŞ üçin hem bähbitli däldigi düşnükli. Türkmenistanda amerikaly korporasiýalarynyň anyk ykdysady programmalary çalt maliýeleşdirip başlamagyna köp zat bagly bolsa gerek.

Gatnaşyklarda Russiýa we Eýran faktory

Şu wagta çenli Türkmenistanyň öz içinde gurulmaly Gündogar-Günbatar gaz turbasynyň gurluşygyny kimiň amala aşyrjakdygy näbelli bolup galýar. Oňa yglan edilen tender ýene yza tesdirildi. Şu proýekte amerikan biznesiniň hem goşulmagy mümkin. Eger şeýle bolsa, Orsýetiň Gazprom kompaniýasynyň biraz gysylyp, taýýar aşy amerikalylar bilen bölüşmeli bolmagy mümkin.

Başda bu proýekti amala aşyrmak hukugy Orsýetiň gaz monopoliýasynyň elindedi. Aşgabat bilen Moskwanyň gaz gatnaşyklaryndaky durnuksyzlyk sebäpli türkmen prezidenti türkmen-amerikan gatnaşyklarynyň ugruny ilerletmek kararyna geldi. Ol goşmaça deňagramlylyga we ýurduň ykdysadyetiniň Orsýete baglylygyny azaltmaga şert döredýär.

Türkmenistan bilen ylalaşykda, Eýranyň sowuk-salalylygam belli bir derejede rol oýnan bolsa gerek. Eger öz tarapyndan bulaşyklyklar döretse, onuň ornuny Amerikanyň eýelemeginiň mümkindigini Aşgabat Tährana ýaňzytdy. Bu ýerde gazyň bahasyny kesgitlemekde, türkmen-eýran energetiki infrastrukturasyny mundan beýläk ösdürmekde Eýranyň dil açmagy nazara alnan bolsa gerek. Ol aslyýetinde eýýäm döredilen, emma doly güýjünde işlemeýär.

ABŞ demokratiki özgerişler isleýär

Öz gezeginde ABŞ, ýurdy üýtgedip gurmagyň demokratiki planlaryny aktiw durmuşa geçirmäge Türkmenistany yzygiderli çagyryp gelýär. Eger şeýle şertler bolaýsa, amerikan resmilerine-de, amerikan biznesine-de Türkmenistanyň ykdysadyetine aralaşmak ýeňil bolardy, repressiw režimi goldaýandygy barasyndaky tankytlardan gulagy dynardy. Belki şonuň üçindir, ABŞ-niň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili, ilçi Riçard Maýls, “Şu sebäpden ötri, ABŞ prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň reformalar syýasatyny goldaýar hem-de ähli ugurlar boýunça Türkmenistany halkara standartlaryna laýyk gelýän ýurt hökmünde görmek isleýär” diýip belledi.

Demokratiki hukuklar hem-de azatlyklar bilen bagly hakyky reformalar, bu ýurda uly möçberde maýa goýumlary getirmekde amerikan biznesi üçin giň mümkinçilikler dörederdi. Ine, şuny Waşingtonda ýaňzytdylar. Türkmenistandaky örän gowşak hususy telekeçilik sistemasy, ýagdaýy has-da çylşyrymlaşdyrýar. Şonuň üçin uly möçberli hususy amerikan kapitaly Türkmenistanyň döwlet organlary, çinownikleri bilen iş salyşmaly bolýar. Bir tarapdan, kesgitli, anyk döwlet kepilligi bar, emma ikinji tarapdan, inwestisiýalary we bilelikdäki proýektleri tiz amala aşyrmakda, ykdysadyetiň döwlet sektory haýal hereket edýär. Şu ýagdaýlar bolsa uly amerikan biznesini, uly mukdarda amerikan dollarlaryny türkmen ykdysadyetine aktiw çekmekde päsgelçilik döredýär. Ýokardakylaryň tassyklaryna, gol goýaryna tükeniksiz garaşmalar, býurokratik maşyn bilen garpyşmalara sebäp bolýar. Ahyrky netijede ondan kösenýän “bellenen işler”.

ABŞ bilen Türkmenistanyň bilelikdäki uly işlere tarap ýakynlaşmagyna, döwlet sistemasy uly böwet bolup dur. Diňe şol sistema düýpli özgerdilse, ol aňrybaş gowy netijeler berer. Şol özgerişler nä derejede aktiw alnyp barlar? Olar nämelerde görner? Hakykatdan hem “Täze Galkynyş” atlandyryp boljak böwsüş nirde görner?

Aleksandr Narodetski post-Sowet döwletleri boýunça Britaniýaly bilermen. Şu kommentariýada öňe sürülen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG