Sepleriň elýeterliligi

ABŞ-niň prezidenti Barak Obama Moskwada


ABŞ-niň prezidenti Barak Obama, aýaly Mişel we gyzlary Saşa we Malia 6-njy iýulda Moskwa bardylar.

ABŞ-niň prezidenti Barak Obama, aýaly Mişel we gyzlary Saşa we Malia 6-njy iýulda Moskwa bardylar.

Barak Obama ABŞ-niň prezidenti hökmünde ilkinji gezek resmi sapar bilen Moskwa bardy.

Öňki Sowuk urşuň iki bäsdeşiniň arasyndaky gowşan gatnaşyklaryň sazlaşdyrylmagy boýunça, iki günlik sammitiň köp zady başaryp-başarmajakdygy baradaky sübheleri, göýä diýersiň bulutly we ýagyşly howa öz äheňi bilen düşündirýän ýalydy.

Ýadroly meseleler

Medwedew (çepde) we Obama 6-njy iýulda Kremlde duşuşdylar.
Muňa garamazdan, Obama Moskwa barmazynda birnäçe sagat öň, ABŞ we Russiýanyň resmileri, şu ýylyň ahyryna çenli taýýarlanmagy planlaşdyrylýan ýadro ýarglary boýunça şertnamanyň düzümi babatda ylalaşandyklaryny mälim etdiler.

Waşington bu şertnamany Moskwa bilen boljak gepleşikleriniň gün tertibiniň başynda goýdy. Täze şertnama, dekabr aýynda möhleti dolýan 1991-nji ýylyň START şertnamasy bilen çalşyrylar.

Şeýle hem Owganystandaky NATO güýçlerine ýarag we harby üpjünçiligiň Russiýanyň territoriýasyndan daşalmagy üçin, Kremliň ABŞ-na rugsat bermegine garaşylýar. Taraplar, Eýranyň ýadro ýaraglary programmasy we Bütindünýä Söwda Guramasyna Russiýanyň agzalaygy ýaly ençeme meseleleri maslahat ederler.

Öýkeli ýagdaýlar

Emma köpleriň aýtmagyna görä, ABŞ-Russiýa gatnaşyklaryna täzeden badalga bermek üçin Obamanyň öňünde juda kyn meseleler ýatyr. Geçen ýylyň awgust aýynda, öňki Sowet respublikasy we ABŞ-niň häzirki ýarany bolan Gürjüstana Russiýa harby goşunlaryny sürende, ABŞ we Russiýanyň arasyndaky gatnaşyklar Sowuk uruşdan soňky iň pes derejä düşdi. Gürjüstanyň bölünip aýrylan iki regionyna müňlerçe esgerlerini ýerleşdirmek bilen, 5 günlük çaknyşygyň tamamlanmagyna sebäp bolan Fransiýanyň araçylygyndaky ok atyşygy bes etmek baradaky ylalalaşygyň düzgünlerini Russiýa bozup gelýär. Şu gün Russiýa Gürjüstanyň demirgazygyk serhedine golaýdaky uly göwrümli harby türgenleşigi tamamlady.

Obamanyň geňeşçisi, Amerikanyň milli bähbitlerini Moskwada beýan etmek üçin prezidentiň berk pozisiýa eýelejekdigi baradaky yşaraty berdi. Prezident Obama saparyndan öň “Associated Press” habar agentligine beýanat berip, köpler tarapyndan Russiýany dolandyrýandygyna ynanylýan Wladimir Putin bilen ýitiräk alyş-çalyşyk etdi. Şonda Obama, Putiniň “bir aýagy” entek hem Sowuk uruşda diýip aýtdy.

Soňra Putin gaýtargy berip, “orslar hemişe iki aýagynyň üstünde berk durýar we geljege seredýär” diýdi.

Ertir Obama, raýat jemgyýetçiligi boýunça konferensiýa gatnaşjak öňki Sowet lideri Mihail Gorbaçew, oppozisiýa liderleri we adam hukuklary boýunça aktiwistler bilen duşuşmazyndan öň, ertirlik naharynda Putin bilen görüşer.

'Orta derejedäki' umytlar

Kremliň ýiti tankytçysy bolan “Nowaýa gazetada” Ýekşenbe güni çap edilen interwýusynda, Obama Moskwa bilen gatnaşyklary täzeden başlatmagy niýet edýändigini aýdyp, amerikalylaryň we orslaryň ençeme umumy bähbitleriniň bardygyny, we şol bähbitleriň üstünde iki ýurduň hökümetleriniň soňky döwür işjeň ýagdaýda işlemändigini belledi.

Medwedew hem has gowy gatnaşyklara çagyryş etdi. Ol Obamanyň saparyna umytly garaýandygyny aýtdy. Emma ors mediasy bu sapara kän bir möhüm ähmiýet bermedi. Ors kommentatorlary bolsa, iki tarapyň aralaryndaky tapawutlyklary ýeňip geçjekdiklerine umytsyz garadylar.

Gürjüstany we Ukrainany agzalyga kabul etmek baradaky NATO-nuň wadalary Russiýany örän lapy keç edýär. Şeýle hem Moskwa, Amerikanyň Ýewropada ýerleşdirmegi planlaşdyrýan raketa goranyş sistemasyna uly nägilelik bildirýär.

Ber we al

Medwedew Ýekşenbe güni beren interwýusynda, eger ABŞ Ýewropadaky goranyş sistemalaryndan ýüz öwürse, Russiýanyň Waşington bilen ýadro ýaraglary boýunça şertnama gol çekişjekdigini aýtdy. Emma Obama “Nowaýa Gazeta” beren interwýusynda, ýaraglaryň gözegçiligi boýunça ABŞ bilen Russiýanyň arasyndaky gepleşiklere, ABŞ-niň raketa goranyş sistemasyny baglaşdyrmaga gönükdirilen islendik tagallany ret edýändigini aýtdy.

Sişenbe güni Obama, ABŞ-Russiýa gatnaşykalary boýunça çykyş eder. Bu çykyşyň Moskwada nähili boljakdygy, hat-da ors häkimiýetleriniň milli telewideniýede efire berip-bermejekdikleri hem belli däl. Şeýle hem Obamanyň saparyna gabatlap oppozisiýa toparlarynyň Moskwanyň merkezinde geçiriýan şu günki protestlerini, polisiýanyň nähili güýç bilen basyp ýatyrjakdygy hem belli däl.
XS
SM
MD
LG