Sepleriň elýeterliligi

Hameneýi Günbatara duýduryş berdi


Şu gün Eýranyň baş ruhy lideri Aýatolla Ali Hameneýi käbir Günbatar ýurtlaryň Eýranyň içerki işlerine goşulmaklaryny dowam etdiren halatynda bu ýagdaýyň olar üçin ýaramaz netijeleri berjekdigi bilen duýduryş berdi.

Döwlet telewideniýesinde eden bu baradaky çykyşynda Ali Hameneýi Günbataryň anyk ýurtlarynyň adyny welin agzamady. Ýöne soňky birnäçe hepde bäri Eýranyn resmileriniň esasy tankydy Britaniýa bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna gönügipdi.

Eýranyň baş ruhy lideri Aýatolla Ali Hameneýi öz çykyşynda 12-nji iýunda geçirilen prezidentlik saýlawlary bilen baglanyşykly meseleleriň we bulagaýçylyklaryň diňe Eýranyň öz içerki meseleleleridigini nygtady.
XS
SM
MD
LG