Sepleriň elýeterliligi

ÝB: Orsýet-Gürjüstan konfliktiniň derňewi gijiräk ýaýradylar


Şu gün Ýewropa Birleşiginiň diplomatlary geçen ýylyn awgustynda ýüze çykan Orsýet-Gürjüstan ýaragly konfliktleri boýunça birleşigiň geçiren derňewleri baradaky hasabatyň ozalky planlaşdyrylyşyndan birneme gijiräk ýaýradyljakdygyny mälim etdiler.

Ozalbaşda bu baradaky hasabat şu iýul aýynyň ahyrynda ýaýradylar diýlip garaşylypdy. Ýöne şu gün Ýewropa Birleşiginiň resmileri bu mesele boýunça hasabat taýýarlaýan şwesariýaly diplomat Heýdi Taglýawiniň öz derňewlerini jemlemegi üçin oňa birneme goşmaça wagtyň zerur bolandygyny habar berdiler.

Maglumata görä, Orsýet-Gürjüstan konfliktleri boýunça ýakynda ele salnan käbir täze dokumentler bu derňewleriň möhletiniň uzaldylmagyna sebäp bolupdyr.
XS
SM
MD
LG