Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝB ýolbaşçysy Şwesiýa Eýrany ýazgardy


Şu gün Ýewropa Birleleşigine ýolbaşçylyk edýän Şwesiýa şu geçen dynç alyş güni Eýranda 20 adama ölüm jezasynyň berilmegi bilen baglanyşykly bolan wakany ýazgaryp çykyş etdi.

Ýewropa Birleşiginiň adyndan ýaýradan bu beýanatynda Şwesiýa Eýranyň häkimiýetlerini ölüm jezasyny doly ýatyrmaklyga ýa-da iň bolmanda oňa wagtlaýyn moratoriýa girizmeklige çagyrypdyr.

Hepdäniň bazar güni Eýranda dardan asylyp öldürilen 20 adamdan aglabasy neşe söwdasynda we neşe gaçakçylygynda aýyplanylýan adamlar hasaplanylýar.

Bu soňky waka Eýranda şu ýylyň başyndan bäri ölüm jezasy berlen adamlaryň sanyny 161-e ýetirdi. Resmi bolmadyk hasabatlara görä, 2008-nji ýylda Eýranda jemi 246 adama ölüm jezasy berlipdir.

XS
SM
MD
LG