Sepleriň elýeterliligi

"Adamzadyň baş betbagtçylygy açlyk bolar"


Beýik Britaniýada ýerleşýän Oxfam International ynsanperwer guramasy häzirki asyrda adamzadyň baş betbagtçylygy açlyk bolar-diýen pikiri öňe sürýär.

Oxfamyň hepdäniň birinji güni Amsterdamda ýaýradan dokladynda: “Howanyň global maýlamagy netijesinde problema has ýitileşdi, maýlama hasylyň azalmagyna getirdi, mundan beýläk köpçülikleýin migrasiýa we suw resurslarynyň töwereginde çaknyşyklar meseläni has-da çuňlaşdyrar” diýlipdir.

8-nji iýulda Italiýanyň Akwila şähzerinde dünýäniň senagat taýdan ösen ýurtlarynyň 8-lik toparynyň sammiti açylýar. Onuň gün tertibinde azyk howpsuzlygy we yklymyň üýtgemegi ýaly meseleler bar.
XS
SM
MD
LG