Sepleriň elýeterliligi

Kosaryň kandidaturasy hökümet başlygy wezipesine makullandy


Horwatiýanyň Parlamenti Ýadranka Kosaryň kandidaturasyny hökümet başlygy wezipesine makullapdyr. Kosar geçen hepde garaşylmadyk ýagdaýda iş başyndan çekilýändigini yglan eden Iwo Sanaderiň ornuna geçer.

Kosar ykdysady krizise garşy durmak üçin gyssagly çäreler görmäge we Horwatiýanyň Ýewrosoýuza girmegi boýunça gepleşikleri janlandyrmaga söz beripdir.
XS
SM
MD
LG