Sepleriň elýeterliligi

Ýazyjy we şahyr Şir-Alydan dörtlemeler...


Rysgyň-bereketiň gaçaýsa bir gün,
Hem sabyr-takadyň göçäýse bir gun,
Hiç kim görmez. Ger gaçaýsa abraýyň
Şonda ýakyn-ýadyñ bolaýşyn görgün.
***
Eger-de kim werziş bolsa ýalana,
Her aldanda owkalarmyş elini.
Hakykat agzyndan sypaýsa birden
Dişin gyjap, dişlärmişin dilini.
***
Käbir adam çal kelläniñ daşyna
Şar-gara reňk urup, «bolaýdy» diýýä.
Kelläň içindäki gara pikirler
Üýtgänok. Beýnini gurçuk deý iýýä.
***
Toýa çagyrlypdyr eşek janawar,
Ýüwrüp baran şat aýdyma aňňyryp.
Görgüli suw daşan sowulýança toý,
Arka atyp äpet goşa taňňyry.
***
Ajal bokurdagna ýapyşan bende
Ezraýylyň goşaryndan tutarmyş.
Tüýlek, ýognas penje, gyl ýaly boýun –
Biliber-dä, onsoň haýsy utarmyş.
***
Bir tanşym bar, goýjak bolup çilimi
Nasa geçdi, sonra ýapyşdy çüýşä,
Neşä ýatdy dynjak bolup arakdan...
Ahyram ähli keýp öwrüldi pişä.
***
Ilki bilen hakykatyň ugruna,
Soňra adalatyň ugruna çykdy.
Bolmady, olary tapandan geçen,
Işindenem kowlup, tüwmaýak çykdy.
***
Ömründe haýyr iş etmedik kişä
Soňky demi uzaltmaga esas ýok.
Onlarça ýyl edilmedik ýagşylyk
Soňky ýeke günde başardaýanok.
XS
SM
MD
LG